TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Russiýa özara hasaplaşyklaryny milli pul birliklerinde amala aşyrar

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin TASS habarlar gullugyna beren interwýusynda Türkmenistan bilen Russiýanyň özara hasaplaşyklaryny milli pul birliklerinde amala aşyrmak üçin iş alyp barýandygyny belledi.

– Bu aňsat iş däl. Bu babatda biziň ýurtlarymyzyň Maliýe ministrlikleri we Merkezi banklary iş alyp barýarlar – diýip, ilçi belledi.

Blohin milli pul birliklerinde özara hasaplaşyklary geçirmek ugrundaky işleriň üstünlikli tamamlanmagyny arzuw edýändigini belledi.

Türkmenistan bilen syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini bellän ilçi häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky şertnama-hukuk binýadynyň 100-den gowrak resminama bilen berkilendigini mälim etdi.

Ol Türkmenistanyň täze Prezidenti bilen hem Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejede ösdürilýändigini belläp geçdi.

Ilçi söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady görkezijer babatda hem maglumat berdi.

2021-nji ýylda tebigy gazy hasaba almanyňda, haryt dolanyşygy 865 million dollara barabar boldy. Şu ýylyň 5 aýynda bu görkeziji 278 million dollara ýetdi. Haryt dolanyşygy yzygiderli ýokarlanýar.

Türkmenistandan Russiýa oba hojalyk önümleriniň eskporty 30 göterim artdy. Bu hem Türkmenistanda köp sanly ýyladyşhanalaryň hem-de maldarçylyk toplumlarynyň gurulmagy bilen berk baglanyşyklydyr.

Russiýanyň ilçisi Türkmenistanyň dokma önümleriniň Russiýanyň ünsüni özünde çekýändigini belledi. Ol Türkmenistanyň öndürýän pagtasynyň agramly böleginiň özünde gaýtadan işlenilmegi we gurlan köp sanly dokma toplumlary we olarda öndürilýän dürli hilli dokma önümleri, galyberse-de jins matalarynyň öndürilmegi, jins matalarynyň bu önümleriň watany bolan Amerika eksport edilmegi bellerliklidigini mälim etdi.

Russiýanyň ilçisi Türkmenistan bilen tebigy gaz babatda hem hyzmatdaşlyk edýändigini belläp, geçen ýyl “Gazpromyň” Türkmenistandan 10 milliard kubmetr tebigy gaz satyn alandygyny belledi.

 

Ýene-de okaň

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» parlamentara forumyny Aşgabatda geçirilmek teklip edildi

Ikinji Hazar ykdysady forumy geçiriler

Emmanuel Makron: Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyzy ösdürmäge taýýar

Teswirle