DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Rumyniýa energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

2025-nji ýylyň 13-nji fewralynda Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Anaýew bilen Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň Döwlet sekretary, energetika pudagynda türkmen-rumyn iş toparynyň rumyn tarapynyň ýolbaşçysy Pawel-Kasian Nitulesku we degişli bölümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar energetika pudagynda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň bardygyny bellediler we ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek we giňeltmek üçin nebit-gaz pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiligine seredildi. Taraplar söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine aýratyn üns berdiler.

Soňra taraplar türkmen-rumyn iş toparynyň energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy boýunça alyp barýan işleri we iş toparynyň indiki ýygnagynyň Türkmenistanda geçirilmeli senesi barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen türkmen tarapy rumyn kompaniýalaryny Türkmenistanda her ýyl geçirilýän halkara nebit-gaz sergilerine we forumlaryna çagyrdy.

 

Ýene-de okaň

Özbegistan dünýäniň iň kiçi ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň saglyk we sosial goraýyş ministri bilen duşuşygy

Türkmenistan Tbilisi şäherinde Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan stendi bilen tanyşdy

Türkmenistan Stambul şäherinde Nowruz baýramçylygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

22-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi