JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Rumyniýa arasynda geňeşmeler geçirildi

2020-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde geňeşmeler geçirildi.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, rumyn wekiliýetine Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary D.Nekulaesku ýolbaşçylyk etdiler.

Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-rumyn gatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Ýokary derejedäki yzygiderli saparlaryň, şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerledilmegi ugrunda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky özarahereketleriň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi.

Halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-niň, ÝB-niň we ÝHHG-niň çäklerinde işjeň özarahereketler ara alnyp maslahatlaşyldy. Diplomatlar halkara başlangyçlarynyň özara esasda goldanylmagynyň zerurlygyny nygtadylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň adatdan daşary ýagdaýlarda bökdençsiz halkara ulag daşamalarynyň üpjün edilmegi boýunça başlangyjy barada gürrüň etmek bilen, taraplar sebitde hem-de dünýäde pandemiýanyň täsiriniň ýeňilip geçilmeginiň barşynda Türkmenistanyň ähmiýetli ornuny nygtap geçdiler.

Taraplar Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň ähmiýeti, şeýle-de döwlet hem-de hususy pudaklaryň wekilleriniň arasynda onlaýn-duşuşyklarynyň guramaçylygynyň zerurlygy barada gürrüň etdiler. «Hazar deňzi – Gara deňzi» halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň döredilmegi we durmuşa geçirilmegi baradaky hökümetara Ylalaşygynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplaryň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň has hem ýygjamlaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirýändikleri hem bellenilip geçildi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna Özbegistanyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi Aşgabatda geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rejep Taýyp Ärdogany 70 ýaş toýy bilen gutlady

Türkiýäniň Prezidentine Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” ady berildi