BIZNES

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwdanyň möçberi 5 esse ýokarlandy

2024-nji ýylda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri özara saparlary gurnar. Bu barada Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Akmalžon Kuçkarow habar berdi.

Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda diplomatik ugurlar boýunça ýokary derejedäki saparlaryň möhletleriniň ylalaşylýandygyny bellenildi.

Kuçkarow 2017-2023-nji ýyllar aralygynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwdanyň möçberiniň 5 esse ýokarlanyp, 2023-nji ýylda 1,09 milliard dollara deň bolandygyny belledi.

Şeýle hem ilçi iki ýurduň arasynda tebigy gaz we elektrik energiýasy boýunça oňat söwdanyň dowam edýändigini belläp, 2023-nji ýylda 2 milliard kubmetr möçberinde türkmen tebigy gazyny Özbegistana ibermek boýunça ylalaşygyň gazanylandygyny aýtdy.

Özbek ilçisi iki ýurduň arasynda senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek meýilnamalary barada belläp geçip, şeýle çemeleşmeleriň türkmen we özbek halklarynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Ýene-de okaň

Owgan işewürleri Türkmenbaşy halkara portunyň mümkinçilikleri bilen gyzyklanýar

Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasy bilen hyzmatdaşlyk

“Arterail” kompaniýasynyň wekiliýeti Türkmenistana çagyryldy

Telekeçiler üçin elektron söwda okuwy

Halkara hususy hukugynyň kadalary ornaşdyrlar : Şertnama-hukuk kanunçylygy kämilleşdiriler

Baş Redaktor

Donald Tramp sport aýakgaplarynyň önümçiligini ýola goýdy