TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk tassyklandy

Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak hakynda Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi.

Teswirnama owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammad Hanif Atmar we türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H.Öwezow gol çekdiler.

Bu resminama öz nobatynda Türkmenistanyň we OYR-nyň arasyndaky döwletara we hökümetara ylalaşyklarynyň agramly bukjasyny has hem giňeltmäge gönükdirilendir.

Bitaraplyk syýasatynyň ýörelgelerine esaslanmak bilen, Türkmenistan Owganystanyň Hökümeti we esasy hyzmatdaşlary bilen owgan meseleleriniň parahatçylykly ýollar bilen kadalaşdyrylmagy hem-de tutuş sebitde asudalygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagy boýunça maksada gönükdirilen ähmiýetli işleri durmuşa geçirýändir.

Soňky döwürde taraplar ikitaraplaýyn özara hereketleriň şertnama-hukuk esaslaryny berkidýärler. Bu ugurda, şu ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda Kabul şäherinde Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky bilelikdäki infrastruktura taslamalarynyň gurluşygynyň mundan beýläk hem işjeň durmuşa geçirilmegine itergi berjek birnäçe möhüm resminamalara gol çekilendigini bellemek zerurdyr.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy

Awazadaky resminama BMG-niň resmi resminamasy hökmünde çap edildi

Teswirle