TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistan bilen Owganystan energetika pudagyndaky taslamalary ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanda iş saparynda bolup, Owganystanyň elektrik energetika ulgamynda iş alyp barýan “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) kompaniýasynyň ýolbaşçy düzümi bilen gepleşikler geçirdi. Bu barada owgan kompaniýasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar elektrik energetika ulgamynda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar. DABS kompaniýasynyň ýolbaşçysy Alhaj Mulla Muhammed Hanif Hamza Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Myrat Artykowa sapar bilen gelendigi üçin minntdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistandan Hyratdaky Nur-ul-Jihad podstansiýasyna elektirk energiýasynyň iberilmegine degişli tehniki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Owganystanyň Humab-Karkin etraplarynyň elektrik geçirijiler bilen üpjün edilmegi, Surhan-Pole-Humri 500 kilowatlyk elektrik geçirijisi taslamasy boýunça pikir alşyldy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň netijesinde DABS kompaniýasy Türkmenistandan import edýän elektrik energiýasynyň möçberini ep-esli artdyrdy.

Energetika pudagynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge kömek etjek energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmegiň ähmiýeti bellendi.

Ýene-de okaň

“DigiWomen Codefest” hakaton bäsleşigini geçirdi

Ata Watan Eserleri

«Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň ilkinji gök ammiak öndürýän zawody gurlar

Ata Watan Eserleri

Teswirle