BIZNES

Türkmenistan bilen Niderlandlar deňziň düýbüni çuňaldyjy gämi gurar

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň» Baş direktorynyň orunbasary Niderlandlar Patyşalygyna eden iş saparynyň çäginde deňziň düýbüni çuňaldyş işlerinde we deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini gurmak boýunça dünýä lideri bolan Royal IHC kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyk geçirdi.

Duşuşyk Sledreht şäherindäki Royal IHC kompaniýasynyň ştab-kwartirasynda geçirildi. Duşuşygyň çäginde «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň» Baş direktorynyň orunbasary kompaniýanyň ýolbaşçylaryna Balkan zawodyň kuwwatlylygy, tehniki mümkinçilikleri, gämi abatlamakda tejribesi we ilkinji gury ýük gämileriniň gurluşygynyň täze taslamasy bilen tanyşdyrdy.

Duşuşygyň çäginde Balkan zawodyň teklibine aýratyn üns berilip, esasanam lokalizasiýa we Türkmenistanyň çäginde deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini bilelikde gurmak we Royal IHC kompaniýasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek barada gürleşildi.

Duşuşykda türkmen tarapy Balkan zawodynda deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisiniň gurluşygy üçin Royal IHC kompaniýasynyň  taslama resminamalaryny ulanmaga gyzyklanma bildirdi. Royal IHC kompaniýasynyň  ýolbaşçylary hem bu başlangyjy höwes bilen goldadylar we bilelikde işlemäge taýýardyklaryny aýtdylar. Taraplar taslamany durmuşa geçirmek üçin tehniki we baha tekliplerini taýýarlamak barada ylalaşdylar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda bu kompaniýanyň 90-dan gowrak deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisi ulanylýar. Royal IHC kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk diňe bir deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisiniň parkyny täzelemäge däl, eýsem ýurduň gämi gurluşyk pudagynda täze ösüş derejesine ýetmäge mümkinçilik berer.

Ýene-de okaň

“Bagtyýar” paromy Russiýa ugrady

Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň maslahaty geçiriler

Türkmenistanyň welaýatlarynda mineral dökünler üçin ammarlar gurlar

Türkmen telekeçileri 135 million dollarlyk oba hojalyk önümlerini eksport etdi

Almatada 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumy geçiriler

Türkmenistanyň pomidorlarynyň eksporty 3 göterim ýokarlandy