DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Monako älem giňişligi boýunça hyzmatdaşlyk eder

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako saparynyň dowamynda 20-nji ýanwarda Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyrýan bu sapary döwletara dialogy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Duşuşygyň barşynda  ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, halkara syýasatyň gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi älem giňişligidir. 10 ýyl mundan ozal Monako Knýazlygy «TürkmenÄlem52oE» türkmen emeli hemrasynyň kosmosa çykmagy üçin uçjak ugruny beripdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn şertnamanyň möhletiniň 2030-njy ýylda dolýandygyny aýdyp, oňyn tejribä esaslanyp, ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki wagtda Türkmenistanyň ikinji emeli hemrany döretmegiň üstünde işleýändigini aýtdy we ony älem giňişligine çykarmaga taýýarlamakda bilelikde işlemek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Belarusyň ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Russiýanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Türkiýä sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Rumyniýa energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Robert Kennedi ABŞ-nyň saglyk ministri boldy