JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy energetika pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Şu gün Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana döwlet sapary başlandy. iki günlük saparyň çäklerinde Aşgabatda ýokary derejede türkmen-koreý gepleşikleri geçirildi. Onuň jemleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň energetika, saglygy goraýyş we beýleki ugurlarynda möhüm ylalaşyklara gol çekildi.

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Ýun Sok Ýol iri möçberli energetika we infrastruktura taslamary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ylalaşdylar. Şeýle hem taraplar Koreýa Respublikasynyň “Ýüpek ýoly boýunça hyzmatdaşlyk” başlangyjyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu başlangyç Koreýa Respublikasynyň innowasion mümkinçiliklerini Merkezi Aziýanyň ösüş mümkinçilikleri bilen birleşdirmäge gönükdirilen Koreýanyň sebit strategiýasynyň esasyny düzýär.

Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de halkara we sebit gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda gämi gurluşygy, saglygy goraýyş we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňletmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

Günorta Koreýa dünýäde çig nebiti we tebigy gazy satyn almakda 4-nji uly döwletdir we tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde 4-nji orunda durýan Türkmenistan bilen energetika taslamalary we energetika serişdelerini gözlemekde hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýär.

Gepleşikleriň çäklerinde gol çekilen ylalaşyklaryň hatarynda “Hyundai Engineering Co.” kompaniýasynyň “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Galkynyş” gaz käninde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýjy desgalary we guýulary «doly taýýar edip gurmak şerti bilen» gol çeken ylalaşygy möhüm bolup, bu kompaniýanyň 2009-njy ýylda gol çekişen ylalaşygyndan soňra ikinji uly şertnamasy boldy.

Ýokary derejedäki tükrmen-koreý gepleşikleriniň dowamynda Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda geljek ýyl ýokary derejeli Sammiti geçirmek babatdaky pikir goldanyldy.

Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň bu sapary bu ýurduň döwlet Baştutanynyň Türkmenistana amala aşyran 3-nji sapary boldy. Mundan ozal, Koreýanyň Prezidentleri 2014-nji we 2019-njy ýyllarda Türkmenistanda saparda bolupdy.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol Merkezi Aziýa döwletlerine amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Gazagystanda we Özbegistanda saparda bolar.

Ýene-de okaň

Ýaş alymlar sylaglandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri daşary ýurtly işewürler bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri türk işewürlerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Narendra Modini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkmen-koreý gatnaşyklary sanlarda

Ata Watan Eserleri