JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Koreýa göni uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen türkmen-koreý işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Türkmen-koreý işewürlik maslahaty Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirildi.

Koreýanyň “Ýonhap” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Prezident Ýun Sok Ýol öz ýurdunyň senagat we tehnologiýa nou-haulary bilen Türkmenistanyň baý serişdelerini birleşdirmek bilen iki ýurduň arasynda ykdysady arabaglanyşygyň döredilip bilinjekdigini belledi.

Iki ýurduň hökümet we işewür wekilleriniň 200-den gowragynyň gatnaşmagynda geçirilen türkmen-koreý işewürlik maslahatynda çykyş eden Prezident Ýun Türkmenistanyň tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde 4-nji orunda durýandygyny belläp, Günorta Koreýanyň senagatlaşmak we öňdebaryjy tehnologiýlar pudagyndaky tejribesiniň geljekde hyzmatdaşlygygyň täze ugurlaryny döretjekdigini belledi.

Ol koreý kompaniýalaryny Türkmenistandaky energetika we senagat taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti göni uçar gatnawlarynyň giňeldilmegi we gämigurluşyk pudagyndaky hyzmatdaşlygyň hasabyna işewürlik gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyryljakdygyny belledi. Günorta Koreýa bilen Türkmenistan Inçhon bilen Aşgabadyň arasynda göni uçar gatnawlaryny gerimini giňletmek babatda ylalaşypdy.

2023-nji ýylyň sentýabrynda Koreýanyň gämi gurluşyk kompaniýasy bilen “Balkan”  gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň arasynda 42 million dollar möçberindäki şertnama gol çekilip, Balkan welaýatynyň çäklerinde ýük göterijilik kuwwaty 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämisini bilelikde gurmak göz öňünde tutulýar.

Koreýanyň Prezidentiniň Iş dolandyryş edarasynyň habar bermegine görä, Koreýanyň 2 kompaniýasy bilen gol çekiljek şertnamalaryň bahasy takmynan 6 milliard dollara barabar bolar.

Şu gün Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýol we onuň ýanýoldaşy hanym Kin Keon Hi Türkmenistana saparyny tamamlap, Merkezi Aziýa saparynyň çäklerindäki Gazagystan Respublikasyna ugrar.

Ýene-de okaň

Ýaş alymlar sylaglandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri daşary ýurtly işewürler bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri türk işewürlerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Narendra Modini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkmen-koreý gatnaşyklary sanlarda

Ata Watan Eserleri