TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistan bilen Hindistanyň söwda dolanyşygy 114 million dollara deňdir

Hindistanyň paýtagtynda “Hindistan we Merkezi Aziýa: çagyryşlar we mümkinçilikler” atly halkara seminar geçirildi. Şol seminarda Hindistan bilen Merkezi Azýanyň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üns berildi.

Seminarda Hindistanyň Daşary işler ministrleriniň wekilleriniň eden çykyşynda Hindistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklaryna uly ähmiýet berilýändigini bellediler. Ykdysady görkezijiler bellenilip geçildi.

Hindistan bilen Türkmenistanyň ýyllyk söwda dolanyşygy 114 million dollara barabardyr. Bu görkezi boýunça Türkmenistan üçünji orunda durýar. Hindistanyň bu sebitdäki iri ykdysady hyzmatdaşy bolan Gazagystan bilen söwda dolanyyşygy 2 milliard dollar, Özbegistan bilen 342 million dollara, Täjigistan bilen 75 million dollara, Gyrgyzystan bilen bolsa 34 million dollara deňdir.

Hindistanyň Türkmenistan bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, hususan-da Gün energiýasy babatda tejribelerini paýlaşmaga taýýardygy hem bellenilip geçildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, hususan-da Türkmenistanyň energiýa serişdeleri babatda baý ýurtdygy bellenildi. Hindistan bolsa, öz gezeginde dünýäde energiýa serişdelerini sarp etmekde öňdeligi eýeleýär. Hindistanyň import edýän çig nebiti ýurduň sarp ediş mukdarynyň 85 göterimini, tebigy gaz importy bolsa, 50 göterimini üpjün edýär.

Şonuň üçin Hindistanyň bu ugurda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Bu bolsa, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň ähmiýetini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär.

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modinuň 2015-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlaryna amala aşyran sapary gatnaşyklarda täze döwrüň başlangyjy boldy. 2019-njy ýylda Hindistan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda daşary işler ministrleri derejesinde Hindistan-Merkezi Aziýa dialogy döredildi. Şu ýylyň ýanwarynda bolsa, ilkinji gezek Hindistan-Merkezi Aziýa Sammiti geçirildi. Hindistanyň Merkezi Aziýanyň diplomatlaryna kämilleşdiriş hünär kurslaryny bermäge taýýardygy bellenildi we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 100 sany ýaş wekiliýetleri kabul etmäge taýýardygy bellenilip geçildi.

 

Ýene-de okaň

Çawuşogly: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy ösdüreris

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürýär

100 milliard dollar ýitiren ilkinji adam

Teswirle