Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň agentlikleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň esasy ulgamlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da saglygy goraýyş, bilim we medeniýet ugry boýunça bilelikdäki meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň netijeliligini belläp geçdiler. Şu ýylyň martynda gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Şu resminamanyň esasynda BMG-niň degişli agentlikleri bilen Ýurt boýunça maksatnamalar işlenilip düzüldi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň, şol sanda BMG-niň Hemişelik Utgaşdyryjysynyň edarasynyň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Wekilhanasynyň, ÝUNISEF-iň, BMG-niň Ilat gaznasynyň, BSGG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, şeýle-de Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň derwaýys durmuş-ykdysady meseleleriniň çözülmegine goşýan ähmiýetli goşantlaryny belläp geçdi.

Okap bilersiňiz  Gyrgyzystan türkmen tebigy gazy bilen gyzyklanýar

Aýratyn ýiti ýokanç kesellerine garşy göreşmek boýunça meýilnamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy, şol sanda sanjymlaryň hem-de öňüni alyş çäreleriniň öz wagtynda geçirilmegi, habarlylygyň üpjün edilmegi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, global pandemiýanyň ykdysady netijelerini ýeňip geçmek üçin zerur serişdeleriň we bilermenlik başarnyklarynyň utgaşdyrylmagynyň derwaýyslygy bellenilip geçildi.

Sanlylaşdyrmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, dünýäniň medeni mirasynyň goralyp saklanylmagy ulgamynda hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi boýunça pikirler alyşyldy.

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

ÝENE-DE OKAŇ

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynda "E" hem-de "F" toparynyň duşuşyklary geçiriler. Şu gün gyzykly duşuşyklara garaşylýar. "F" TOPARY: RONALDO TÄZE REKORDLAR GAZANYP BILERMI? SAGAT 18:00: FRANSIÝA - WENGRIÝA (BUDAPEŞT) Birinji duşuşygynda ýeňiş gazanan dünýä çempiony Fransiýa ýeňiş gazanan ýagdýaynda by kyn topardan indiki tapgyra çykmaga uly mümkinçilik alar. Fransuzlar birinji duşuşykda Germaniýanyň ýygyndysyny ýeňmegi başarypdy. SAGAT 21:00: PORTUGALIÝA - GERMANIÝA (MÝUNHEN) Çempionata ýeňliş bilen başlan...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň German ykdysadyýetiniň Gündogar Komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Okap bilersiňiz  Ýewro-2020: 18-nji iýunyň duşuşyklary
Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn özara hereketleriň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depgini bellenilip geçildi. Ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlary boýunça köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurlygy nygtaldy. Türkmen-german...
Futbol boýunça Ýewropa çempionaty doam edýär. Düýn "D" hem-de "E" toparlarynda nobatdaky duşuşyklar geçirildi. "D" TOPARYNYŇ DUŞUŞYKLARY "D" toparynda Angliýa bilen Şotlandiýanyň milli ýygyndylary London şäherinde duşuşdylar. Duşuykda hasap açylmady. Bu toparyň beýleki duşuşygynda bolsa Horwatiýanyň milli ýygyndysy bilen Çehiýanyň ýygyndylary duşuşdy. Duşuşyk 1:1 hasabynda deňme-deň gutardy. Çehiýanyň düzüminde duşuşygyň 37-nji minutynda 11 metrlik jerime urgusyndan Peter Şik tapawutlandy. Horwatiýadan bolsa 47-nji...
Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Hormatly her günki täleýnama...
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bişkegiň ýylylyk elektrik stansiýasyna tebigy gaz üpjünçiligi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşar. Bu barada ýurduň parlamentinde Premýer-ministr Ulukbek Maripow habar berdi. "orient.tm" neşirindäki habara görä, bu mesele Žaparowyň Türkmenistana amala aşyrjak saparynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylar. Saparyň haçan amala aşyryljakdygy barada maglumat berilmeýär. - Gyrgyz Prezidentiniň Türkmenistana iş sapary bolar. Energetika ugruna...

Teswirler

Aýbölek Abdyrasulowa
Edepli Ile Ýarar
Babahan Berdiýew
“Öwgi” usuly
18,713BeğenenlerBeğen
19,500TakipçilerTakip Et
839TakipçilerTakip Et
417AbonelerAbone

Iň täze habarlar