TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan täze multimodal ulag geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär

1 — 3-nji dekabrda Gyrgyz Respublikasynyň ulag we kommunikasiýa ministri Tilek Tekebaýew iş sapary bilen ýurdumyzda bolup, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen gepleşikleri geçirdi. Saparyň dowamynda Gyrgyz Respublikasynyň ulag we kommunikasiýa ministri Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi diýip, ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň ulag we kommunikasiýa ministriniň arasynda geçirilen gepleşiklerde, taraplar iki ýurduň arasynda ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Russiýa ulag ugry boýunça ýükleriň daşalyşyny ýola goýmaga gyzyklanma bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Russiýanyň deňiz portlaryny ulanmak arkaly taraplar degişli ýurtlaryň gatnaşmagynda hyzmatdaşlyk Ähtnamasyny baglaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy degişli alternatiw ugur boýunça ulag ugrunyň işe girizilmegi babatda 4 ýurduň gatnaşmagynda ýörite mejlisiň geçirilmegini öňe sürdi.

Gyrgyz tarapy Türkmenistanyň çäginde gyrgyz awtomobil ýük daşaýjylary üçin amatly ýük geçiriş ýagdaýynyň döredilmegine we şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň çäginde üstaşyr ýük geçiriş ýygymlarynyň aradan aýrylmagyna gyzyklanma bildirdi. Gyrgyz tarapynyň öz çäginde üstaşyr ýük daşalyşynda türkmen awtomobil ýük daşaýjylaryndan ýygymlaryň alynmaýandygy bellendi.

Gyrgyz tarapy ikitaraplaýyn we täze multimodal ugry boýunça ýük geçirilişini artdyrmak babatda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň arasynda 1995-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabatda baglaşylan Awtomobil arkaly halkara ýük we ýolagçy gatnawlary babatda baglaşylan Ylalaşyga üýtgetmeleri girizmegi we ikitaraplaýyn üstaşyr ýük daşalyşynda rugsatnamasyz ulgamy işe girizmegi teklip etdi. Türkmen tarapy üstaşyr ýük geçirilişinde rugsatnamaly ýurduň çägine girmek düzgünini aradan aýyrmak meselesine seretmäge taýýardygyny mälim etdi.

Türkmenistana iş saparynyň barşynda Gyrgyz Respublikasynyň ulag we kommunikasiýa ministri Tilek Tekebaýew Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp görüp, bu ýerdäki mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyş boldy. Bu ýerde «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýolbaşçysy bilen geçirilen duşuşykda Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Russiýa alternatiw multimodal ulag geçelgesi arkaly has amatly ulag we port hyzmatlaryny döretmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türk kompaniýasy tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryna gatnaşmakçy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň energetika ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şou geçiriler

“Dragon Oil” kompaniýasyna maýa goýum teklipleri hödürlendi

Teswirle