SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan farmasewtika ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Mämmedow Gyrgyzystanyň saglygy goraýyş ministri Alymkadyr Beýşanaliýew bilen duşuşdy. Bu barada gyrgyz metbugaty habar berýär.

Taraplar farmasewtika we lukmançylyk enjamlary ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar. Hususan-da, türkmen-hindi bilelikdäki kärhanasynda öndürilýän ýokary hilli we gymmat bolmadyk derman serişdelerini Gyrgyzystanyň bazaryna ýerlemek mümkinçiligine seredildi.

Şeýle hem Hazar deňziniň kenaryndan çykarylýan dermanlyk palçygyň Gyrgyzystanda önümçiligini ýola goýmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň ministri dermanlyk palçygyň lukmançylyk tejribesinde ulanmak tejribesi barada aýdyp, bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek teklip etdi.

Şeýle hem türkmen önüm öndürijileri tarapyndan öndürilýän lukmançylyk enjamlary we farmasewtika serişdelerini Gyrgyzystana ibermek mümkinçiligine seredildi. Türkmen tarapy lekmaçylyk serişdeleri we enjamlarynyň önümçiligini alyp barýan guramalaryň işleri barada maglumat berip, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny belledi.

Gyrgyz ministri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändiklerini belläp, iki ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny gowulandyrmak babatda tejribe we tehnologiýalaryň paýlaşymynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Ýene-de okaň

Jons Hopkins uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebi mugt bolar

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitap pars diline terjime ediler

Türkiýäniň Ysparta şäherine hasyl möwsüminde baryp görüñ!

Ata Watan Eserleri

Yslam ösüş banky Türkmenistandaky onkologiýa merkezleriniň gurluşygyny maliýeleşdirer

«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna «Hil ulgamynyň laýyklyk sertifikaty» berildi

«Türkmenhowaýollary» agentligi Kuala-Lumpur şäherine ýolagçy gatnawyny artdyrýar