TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň hyzmatdaşlygy giňeldiler

2020-nji ýylyň 24-nji iýunynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary, hususan-da ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşdylar we birnäçe ylalaşyklary gazandylar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ýokary görkezijileri barada aýdylanda, taraplar energetika, dokma senagaty, gämi gurluşygy, sanly tehnologiýa ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerine seretdiler. Gepleşikleriň barşynda şeýle hem ýurdumyzda nebithimiýa toplumyndaky taslamalaryň gurluşygyna we döwrebaplaşdyrylmagyna işjeň gatnaşýan koreý kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki pandemiýa ýagdaýyny nazara alyp, taraplar saglygy goraýyş ulgamynda, şol sanda ýokanç keselleriň öňüni almak we göreşmek ýaly meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini nygtadylar. Bu ugurda ýerine ýetirilen özara hereketleriniň wagtynda geçirilmegi we netijeliligi barada aýratyn aýdyldy.

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle