DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy  S.G.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.U.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Onda söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine seredilip geçildi.

Şunlukda, Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri tarapyndan hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça iki ýurduň arasyndaky özara hereketleriň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagy ugrunda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berildi.

Şu nukdaýnazardan taraplar hususan-da söwda gatnaşyklarynyň anyk ugurlaryny we görnüşlerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ykdysady ulgamda türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň takyk taslamalary boýunça gepleşikleriň geçirilmegi üçin iki ýurduň wekiliýetleriniň özara saparlarynyň guralmagy babatynda ylalaşdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda taraplar hökümetara derejesindäki gatnaşyklaryň derwaýyslygyny nygtamak bilen, onuň yzygiderli alnyp barylmagyna taýýarlyklaryny beýan etdiler.

 

 

Gündelik Täleýnama: 20 Maýda Ýyldyzlar näme diýýär?

Ýene-de okaň

Teýlor Swift – ýylyň “adamy” saýlandy

Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy Türkmenistanda geçiriler

Putin Saud Arabystanyda we BAE-de saparda bolar

Türkmenistanyň ilçisi Gyrgyzystanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Aşgabatda türkmen-rus 2-nji işewürler forumy geçiriler

Ata Watan Eserleri