JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda geňeşmeler geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda özara bähbitlilik hem-de deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon söhbetdeşligiň dowamynda şu ýylda möhüm meseleler boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk babatynda düýpli pikir alyşmalar boldy.

Söhbetdeşler türkmen-gazagystan gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtap, energetika, ulag-aragatnaşyk we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi barada pikir alyşdylar.

Şu maksat bilen iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda tiz wagtda geňeşmeleri geçirmegiň möhümdigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtlarda şeýle geňeşmeleri Astanada guramak hem-de Gazagystan tarapy bilen bu meseläniň ylalaşylan ýagdaýynda iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Gazagystanyň paýtagtyna Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny ibermek baradaky teklip beýan edildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda sebit hyzmatdaşlygy hem-de bäştaraplaýyn görnüşde geçiriljek çäreler bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.

Ýene-de okaň

Ilçi Demirok: Türkmenistanyň tebigy gazy 1-nji martdan Türkiýä barar

Ata Watan Eserleri

Türkiýe Respublikasyna daşary ýurtdan talyp kabul synagy 60 ýurtda geçiriler

Masud Pezeşkian: Eýran Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga taýýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Tährana sapary başlady

Energetika ministri Baýraktar: türkmen tebigy gazy Türkiýä gelýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Masud Pezeşkiany halkara Liderler forumyna çagyrdy