TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda bilim hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Gazagystan Respublikasynyň Al-Farabi adyndaky gazak milli uniwersitetiniň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdepleriň žurnalistika ugry boýunça bilim berýän mugallymlary we talyplary sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.

Sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda çykyş edenler ýokary okuw mekdeplerde hereket edýän žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplar üçin döredilen mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň berdiler.

2021-nji ýylda gol çekilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen «Al-Farabi adyndaky gazak milli uniwersiteti» täjirçilik maksatly bolmadyk paýdarlar jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem iki ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly itergi berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminama gol çekildi

“Soňky jaň” dabaralary geçirildi

Ata Watan Eserleri

«VILIPO-2023»: türkmen okuwçylary medally dolandylar

Teswirle