JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Gazagystan tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Gazagystanyň “QazaqGaz” gaz kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Sanžar Žarkeşowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda saparda boldy. Bu barada gazak kompaniýasy habar berýär.

Gazak kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sanžar Žarkeşow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň tebigy gaz ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, iki ýurduň çäginde gaz geçiriji taslamalary durmuşa geçrimek, özara bähbitlilik esasda tebigy gazy ibermek babatda bilelikdäki işleri alyp barmak babatda ikitaraplaýyn gyzyklanma bellenilip geçildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar tebigy gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Gazagystanyň energetika ministri Almasadam Satkaliýew Gazagystanyň Türkmenistanyň elektrik energiýasyny we tebigy gazy ibermek boýunça tekliplerine garamaga taýýardygyny belläpdi.

2023-nji ýylyň noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Gazagystana türkmen gazyny ibermek boýunça ikitaraplaýyn dialogy işjeňleşdirmäge taýýarydgy bellenilipdi.

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa täze ylalaşyklara gol çekdiler

Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Merkezi Aziýa saparyna başlady

“Galkanyň” hokkeýçileri «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ada eýe boldular

“Galkan” – çempion

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby Ankarada tanyşdyryldy