TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Eýran Sarahs serhet nokady arkaly ýük daşamagy amala aşyrýar

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky Sarahs (Türkmenistan) — Sarahs (Eýran) serhet köprüsi üç günlük açyldy. Bu barada MEHR habarlar agentligi Sarahs serhet terminalynyň ýolbaşçysy Mohamad Mehdi Rezainiň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Şol üç günüň dowamynda iki goňşy döwletiň arasynda ýük alyş çalşygy amala aşyrylar. Türkmenistandan baran ýükler biziň awtoulaglarymyz arkaly serhet terminalynyň bitarap nokadyna çenli eltiler. Soňra üsti ýükli tirkegler eýranly sürüjileriň awtoulaglaryna birikdirilip, barmaly nokadyna çenli eltiler we ýük boşadylyp, tirkeg ýene-de serhet terminalyna getiriler.

Eýrandan biziň ýurdumyza getirilýän harytlar boýunça hem edil şeýle hereket gaýtalanar.

Adybir serhet terminallaryny birleşdirýän täze köpriniň ýakynda açylandygyny ýatladýarys. Horasan-Rezawi welaýatynyň merkezi bolan Maşat şäherinden 186 kilometr uzaklykda ýerleşýän terminal koronowirus bilen bagly çäklendirmeler ýatyrylandan soňra iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň esasy merkezleriniň biri bolar.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle