TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistan bilen “Deutsche Bank AG” bankynyň netijeli hyzmatdaşlygy

2020-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçysy bilen «Deutsche Bank AG» bankynyň Orta we Gündogar Ýewropa korporatiw we bank maýa goýum – bank täjirçilik hyzmatlary boýunça esasy ýerine ýetiriji direktory, sebitleýin direktorlarynyň dolandyryjysy Ýorg Bongartsyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimine degişli meseleler ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Germaniýanyň iri kompaniýalary bilen ýola goýlan üstünlikli özara gatnaşyklarynyň öňjeýli häsiýetini nygtap geçip, bu günki däp bolan gatnaşyklaryň giň gerimli ugurlarda üstünlikli özgerip hil taýdan täze derejelere çykýandygyny bellediler. Bilelikdäki taslamalary geljekde amala aşyrmakda ykdysady meseleler boýunça Hökümetara türkmen-german iş toparynyň ähmiýetiniň üstünde durlup geçildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle