DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Çehiýanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

Pragada Türkmenistanyň we Çehiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, çeh tarapyna – Çehiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Irži Kozak ýolbaşçylyk etdi.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we halkara gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Soňra duşuşyga gatnaşyjylar bar bolan türkmen-çeh ylalaşyklarynyň üstünde durup geçip, bilelikdäki şertnama-hukuk binýady bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Duşuşygyň dowamynda söwda dolanyşygyny artdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, şeýle hem energetika, ulag infrastrukturasy, oba hojalygy, azyk we dokma senagaty ugurlarynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek ýaly söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen Medeniýet günlerini, sergileri we beýleki medeni çäreleri geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak teklip edildi.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Çehiýanyň Parlamentiniň Deputatlar palatasynyň wise-spikeri Ýan Bartoşekiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde türkmen-çeh ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň dürli taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler parlamentara hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.

Şeýle hem, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge ýurtlaryň ygrarlylygy tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparyny döretmek we bilelikdäki işewürlik forumyny geçirmek mümkinçiliklerini öwrenmek teklip edildi.

Bilelikdäki sergileri, festiwallary we Medeniýet günlerini guramak, şeýle hem döredijilik we ylmy intelligensiýanyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Ýene-de okaň

Özbegistan we Gyrgyzystan söwda möçberini 2 milliard dollara ýetirer

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär

Slowakiýa Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Slowakiýa sapary

Türkmenistanyň we Yragyň BAE-däki ilçileriniň duşuşygy

Türkmenistanyň ilçisiniň BAE-niň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy