TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistan bilen Bütindünýä Bankynyň hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Türkmenistan bilen Bütindünýä Bankynyň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän maksatnamalar we taslamalar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen wideoaragatnayk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri bu duşuşykda Bütindünýä Bankynyň Toparynyň we Halkara Pul Gaznasynyň her ýylda geçirilýän ýazky maslahatlarynyň çäklerindäki Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça Wise-prezidenti Anna Býerde bilen gepleşikler geçirdi. Bu barada “fineconomic.gov.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasynda amala aşyrylýan we meýilleşdirilýän birnäçe taslamalary taýýarlamak, şol sanda karzlaşdyrmak bilen bagly taslamalar boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bütindünýä Bankynyň wekilleri tarapyndan bu amala aşyrylýan işlerde ministrligiň goşandyna uly baha berildi we hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdiriljekdigi nygtaldy.

Mundan başga-da, Bankyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory hem-de Türkmenistan boýunça dolandyryjysy wezipelerine täze belleniljek wekilleri bilen tanyşdyryldy.

“orient.tm” internet neşirinde bu barada berlen habarda, duşuşykda taraplaryň özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryndan biri hasaplanýan miwe we gök önümleriniň önümçiligini ösdürmek baradaky taslamalara hem seredendigi mälim edildi. Türkmen obasenagat toplumynyň bu ugry soňky ýyllarda ýerli işewürligiň işjeňligi sebäpli eksport ugruna eýe boldy. Bu önümçiligiň maliýeleşdirilmegi babatdaky gepleşikler dowam etdiriler.

Şeýle hem taraplar «Doing business» taslamasy boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistan bazar gatnaşyklaryny yzygiderli amala aşyrýar, hususy telekeçiligiň gerimini giňeldýär, şol sanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürýär. Soňky ýyllarda çig malyň gaýtadan işlemek arkaly ykdysady pudaklar diwersifikasiýalaşdyrylyp, erkin ykdysady zolaklar döredilýär.

Bularyň hemmesi, Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlykda täze mümkinçilikler döredýär, şol sanda ýurtda «Doing business» taslamasynyň durmuşa geçirilmegine goldaw berýär.

 

Aşgabatdaky binalaryň nobatdaky açylyş dabaralary

 

Ýene-de okaň

Gruziýadan gelen telekeçi türkmen dokma önümlerini satyn aldy

Koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda amala aşyrjak taslamalary

Bitaraplyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly täze möhletli goýum

Teswirle