Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça işjeň häsiýetini belläp geçdiler. BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde özara hereketleri pugtalandyrmak bilen birlikde sebit hem-de halkara howpsuzlygynyň meselelerine aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy döwletiň terrorçylyk, ekstremizm, serhetüsti jenaýatçylyk, adam söwdasy bilen bir hatarda sebit hem-de halkara howpsuzlygynyň umumy wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek boýunça BMG-niň alyp barýan işlerine gatnaşmaga berk ygrarlylygyny tassyklady. Bu ugurda Hökümetiň möhüm ädimleri bellenilip geçildi.
BMG-niň esas goýujy halkara şertnamalarynyň we konwensiýalarynyň, şol sanda Ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk baradaky Şertnamanyň, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek baradaky Şertnamanyň (ÝSHGehŞ) gatnaşyjysy bolmak bilen, Türkmenistan Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolagy döretmek baradaky Şertnamanyň hem-de umuman alnanda ýarag ýaýratmazlyk we ýaragsyzlanmak kadalarynyň üpjün edilmegi boýunça bilelikdäki tagallalaryň ilerledilmegi ugrunda çykyş edýändir.
Taraplar BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň mümkinçilikleriniň ulanylmagy bilen durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp geçdiler. Takyk alnan sebit babatynda BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň uýgunlaşdyrylmagy üçin esas goýan 2011-nji ýylyň Aşgabat jarnamasynyň we Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda özarahereketleri pugtalandyrmagyň zerurlygy bellenilip geçildi. Türkmen tarapynyň öňe süren BMG-niň Baş Assambleýasynyň «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ähmiýeti» atly kararnamasynyň taslamasynyň işlenilip düzülmegi bilen bir hatarda, öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgeleriniň ulanylmagyna aýratyn üns berildi.
Taraplar şonuň ýaly-da dawalaryň öňüniň alynmagynda bitaraplyk ýörelgeleri nukdaýnazaryndan Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň netijeliligini belläp geçdiler. Bu derejäniň gazanylan senesinden bäri geçen 25 ýylyny dabaralandyrmak bilen, ýurt BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde hem-de berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasynyň taslamasynyň işlenilip düzülmegini öňe sürdi.
Türkmenistanyň geostrategiki taýdan ýerleşişiniň aýratynlygyny nygtamak bilen, taraplar terrorçylygyň ýüze çykmagynyň toplumlaýyn sebäpleriniň öwrenilmegi, öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegi üçin bilermenlik başarnyklarynyň öz wagtynda alyşylmagy bilen bir hatarda uzakmöhletleýin esasda özara hereketleriň giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Maglumat howpsuzlygynyň meseleleri we hyzmatdaşlygyň ýaşlar bilen bagly ugruny ara alyp maslahatlaşmak arkaly taraplar BMG-niň howandarlygynyň astynda maglumat giňişliginde howpsuzlygyň üpjün edilmegi boýunça uniwersal hukuk gurallarynyň kabul edilmegine üns çekdiler.
Halkara gatnaşyklarynda Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmaga ygrarlylygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministri söhbetdeşine BMG-niň derejesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen geljek 2021-nji ýyl üçin meýilleşdirilýän başlangyçlar barada habar berdi.
Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.