TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen BMG arasynda ynsanperwer hyzmatdaşlygy

BMG-niň Ösüş maksatnamasy (UNDP) tarapyndan ýaýradylan maglumatnama görä, dünýäde emele gelen täze görnüşli koronawirusa garşy göreşmek üçin näçe wagt gerek boljakdygy nämälimdi. Bu ýokanjyň dünýä ykdysadyýetine ýetirjek täsirini hem öňünden bilmek bolmady.

Bulara garamazdan, Türkmenistanyň Hökümeti öz wagtynda bu ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin çäreler gördi. Onuň ykdysadyýete täsirini azaltmak ugrunda hem giň tagallalar etdi we edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (UNDP), dünýädäki pandemiýanyň täsirine garşy göreşmek üçin dünýäniň ýurtlaryna grantlar berýän “Çalt jogap bermek” gaznasyny döretdi. Şonuň netijesinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlyk edip, bu ugurda hyzmatdaşlyk edýär.

Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde dürli kömekleriň berilmegi göz öňünde tutuldy. Şeýle hem bu gazananyň işleriniň barşyndan Aşgabat şäheri, Ahal, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda degişli işler geçirildi.

Bu bilelikdäki çäreler Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary has-da pugtalandyrylmagyna goşant goşýar.

2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistanyň Hökümeti Birleşen Milletler Guramasynyň goldawy bilen işlenip düzülen Türkmenistanda ýiti ýokanç keselleriň pandemiýasyna garşy göreşmek üçin durmuş-ykdysady çäreler meýilnamasyny kabul etdi. BMGÖM meýilnamany işläp düzmek we durmuşa geçirmek üçin ýakyndan ýardam etdi.

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýada saparda bolar

Baş Redaktor

Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna bagyşlanan maslahat

UNODC sebit wekili bilen duşuşyk

Teswirle