TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda “Dostluk” gazandy

Hazardaky iri «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda gol çekilen ylalaşyk türk we azerbaýjan metbugatynda giňden orun aldy.

20-nji ýanwar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda taryhy gün hökmünde ýatda galdy. Düýn Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

“Ankarabaku.com” we beýleki türk hem-de azerbaýjan metbugatynda bu ugurdaky habarlarda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň ilkinji gezek Hazar deňzinde uglewodorod ýatagyny özleşdirmek üçin bilelikdäki işe başlandygy nygtalýar.

TÜRKIÝE HEM BU ŞERTNAMADAN HOŞAL

Metbugat serişdeleriniň habarnamalaryna görä, Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrligi bu möhüm ylalaşyk barada beýanat berip, şol beýanatda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki “Dostluk” diýlip atlandyrylan uglewodorod ýatagynyň bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek babatda ylalaşyga gelmegini uly hoşallyk bilen kabul edilendigi, bu şertnamanyň iki ýurduň dostlugyny pugtalandyrmagyny, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň dostlukly we dogan halklary üçin peýdaly bolmagyny we sebitiň gülläp ösmegine we durnuklylygyna goşant goşjakdygy, şeýle hem bu şertnamanyň Türkiýe bilen Ýewropanyň galan böleginiň energetika howpsuzlygyny ýokarlandyrjak taslamalaryň hem öňüni açjakdygy mälim edilipdir.

PREZIDENT İLHAM ALIYEW: TARYHY YLALAŞYK

“Trend” habarlar gullugyna esaslanýan “Ankarabaku.com” neşiriniň habaryna görä, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Alyýewiň çykyşynda belläp geçişi ýaly, bu taryhy resminama uly ähmiýete eýedir.

Biziň ýurtlarymyzyň arasynda ähli derejelerde, ilkinji nobatda bolsa, Prezidentleriň derejesinde ysnyşykly syýasy gatnaşyklar bolmazdan, şu günki resminama gol çekmek mümkin bolmazdy diýip, Azerbaýjanyň Baştutany nygtady.

Biz çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti bilen ýurtlarymyzyň degişli düzümleriniň hyzmatdaşlyk, dostluk, özara goldaw bermek we gyzyklanma bildirilýän özara bähbitlere dogry düşünmek ruhunda ösdürilmegi üçin ähli tagallalary ederis. Şoňa görä-de, şu günki resminamany taryhy resminama diýip atlandyrmak isleýärin, çünki Azerbaýjan we Türkmenistan Hazar deňzinde ýatagy özleşdirmek boýunça bilelikdäki işe ilkinji gezek girişýärler. Munuň özi biziň ýurtlarymyzy we halklarymy has-da ýakynlaşdyrar hem-de uly peýda getirer diýip, Prezident Ilham Aliýewiň aýdanlary metbugat sahypalarynda orun alypdyr.

TÜRKMENISTAN BILEN AZERBAÝJANYŇ ARASYNDAKY ENERGETIKA HYZMATDAŞLYGYNDA TÄZE DÖWÜR

Azerbaýjanly syýasatçy Nurlan Galandarliniň Hazardaky türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň Azerbaýjanyň we  Türkmenistanyň umuman sebit üçin täze geosyýasy perspektiwalary açýandygy,  şol bir wagtyň özünde, bu şertnama sebitde täze hyzmatdaşlyk platformasyny döretmek we özara peýdaly önümçiligiň gerimini giňeltmek babatynda strategiki ähmiýete eýedigi baradaky aýdanlary metbugatda bellenilip geçilipdir.

Şeýle hem metbugat sahypalarynda ABŞ-nyň Azerbaýjandaky öňki ilçisi Matthew Braýzyň “Trend” habar gullugyna beren beýanatynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda Hazar deňzindäki “Dostluk” nebit-gaz ýatagyny özleşdirmek boýunça bilelikdäki işler barada baglaşylan şertnamanyň möhüm tapgyrdygyny belläp,  bu şertnamanyň tebigy gaz öndürmek ýa-da iň bolmanda Türkmenistandan Azerbaýjana we Hazar deňziniň üsti bilen beýleki ýurtlara üstaşyr energiýa serişdeleri pudagynda hyzmatdaşlyga ýol açjakdygy baradaky aýdanlary bellenilip geçilipdir.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Eýranyň energetika ministriniň Aşgabada sapary

Teswirle