TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistan bilen Azerbaýjan nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) prezidenti Röwşan Nejaf, Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow we “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow bilen duşuşdy.

Bu barada Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Duşuşykda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda dürli pudaklarda, şol sanda energiýa pudagynda özara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň çäginde SOCAR bilen “Türkmengaz” döwlet konserni we “”Türkmennebit” döwlet konserniniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlykdan kanagatlanma bildirildi we taraplaryň arasyndaky  çig nebiti gaýtadan işlemek, söwda,  ulag we beýleki ugurlar pudaklarynda hyzmatdaşlygyň üstünlikli amala aşyrylýandygy bellenildi.

Duşuşykda bar bolan we geljegi uly mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy, bilelikdäki hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça pikir alyşyldy.

Ýene-de okaň

Türk kompaniýasy tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryna gatnaşmakçy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň energetika ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şou geçiriler

“Dragon Oil” kompaniýasyna maýa goýum teklipleri hödürlendi

Teswirle