TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Hazarda bilelikde energiýa serişdelerini çykarar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliyewiň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň döwlet habarlar gullugy habar berýär.

Bu möhüm duşuşykda Türkmenistanyň bilen Azerbaýjanyň Prezidentleri taryhy resminama gol çekişlik dabarasyna gatnaşdylar. Iki ýurduň Prezidentiniň gatnaşmagynda Hazar deňzinde “Dostluk” uglewodorod ýatagynda bilelikde uglewodorod serişdelerini gözlemek, özleşdirmek we işläp düzmek babatda iki döwletiň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Döwlet Baştutanlary öz çykyşlarynda bu taryhy resminama häzirki zaman türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyra öwrülendigini aýtdy.

Ähtnama Türkmenistanyň Daşary işler ministri R. Meredow we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow gol çekdi.

Energetika pudagynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlykda täze sahypa açýan ähtnama, Hazar sebitinde dowamly parahatçylyk, hoşniýetlilik we deňhukuklylyk atmosferasyny döretmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň netijesidir.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle