Türkmenistanyň wekiliýet topary Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda iş saparynda bolýar. Astrahanyň metbugat neşirleriniň habar bermegine görä, bu saparyň çäklerinde geçirilen gepleşiklerde Türkmenistan bilen Astrahanyň arasynda ulag, logistika we gämi gurluşygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu duşuşyga Astrahan tarapyndan sebit ministrlikleriň agzalary, şeýle hem Astrahanyň birnäçe iri kompaniýalarynyň hem-de “Astrahan söwda-senagat edarasy” bileleşiginiň agzalary gatnaşdy.
2021-nji ýylda Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky haryt dolanyşygy 200 million dollara barabar boldy. Bu haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagyna Türkmenistanyň Astrahan oblastynda açmagy meýilleşdirýän logistika merkeziniň hem uly goşant goşjakdygy bellenildi.Bu ugurda Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkiniň Aşgabada saparynda hem maslahatlaşylypdy.
Häzirki wagtda Astrahanyň Olýa portunda ýörite ykdysady zolak döredilýär. Şol zolakda 50 gektar meýdany Türkmenistanyň logistika merkezine bölüp bermek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde konteýner ýükleri üçin döwrebap enjamlar bolar, ambarlar hem-de demirýol ulgamy göz öňünde tutulandyr.
Türkmenistan Astrahanyň ýörite ykdysady zolagynda logistika merkezini döretmegi bilen möhüm ulag çatrygyna öwrüler. Türkmenistan bu logistika merkezi bilen Russiýadan Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýükleri geçirmek, şol san-da Owganystan, Pakistan we beýleki ýurtlara hem ýükleriň daşalmagyna möhüm goşant goşar.
– Biziň ýurdumyz “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesine goşulmak baradaky garaýyşlaryny mälim etdi – diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidow belläp geçdi.
Şeýle hem gepleşiklerde Tükrmenbaşy bilen Olýa portlarynyň arasynda yzygiderli awtoparom gatnawlaryny yzygiderli ýola goýmagyň mümkinçiliklerini we gämi gurluşygyndaky hyzmatdaşly ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
– Gämi gurluşygy biziň üçin ozal iş alyp barmadygymyz täze ugur. Şonuň üçin biz Astrahanyň gümi gurluşykçylary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar – diýip, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy belläp geçdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti 3 günlük saparynyň çäklerinde Astrahanyň portlaryna aýlanyp gördi.