TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň merkezidir

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Parahatçylygyň we dürli halklaryň medeniýetiniň goşulyşmagynyň ýoly bolan Beýik Ýüpek ýoly bir ýarym müň ýylyň dowamynda Türkmenistanyň üstünden geçdi” diýip belleýşi ýaly, bu gün taryh gaýtadan dikeldilýär. Her bir döwlet üçin ýol ulgamy şol döwletiň gan-damarydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda gurulýan awtomobil, deňiz-derýa, howa, demir ýol ulgamlary diňe Türkmenistan döwleti üçin bähbitli bolman, Gündogar we Günbatar ýurtlary üçin hem derwaýysdyr. Türkmenistan häzirki wagtda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň merkezi bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk laýyklykda alyp barýan ynsanperwer daşary syýasaty netijesinde alys ýollar ýakynlaşyp, syýasy we ykdysady taýdan täze ösüşe eýe bolýandygyny beýan etmek, öwrenmek şu ylmy makalanyň maksady bolup durýar.

Global özara gatnaşyklarda ulag diplomatiýasy ýaly täze ugurlar hem mäkäm ornaşýar. Bu mesele boýunça Türkmenistan BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn gatnaşyklaryň başyny başlady. Ählumumy abadançylygyň bähbitleriniň göz öňünde tutulmagy bilen alnyp barylýan Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny hil taýdan düýpgöter täze derejä çykarmak maksady bilen, Hormatly Prezidentimiziň taryhy ähmiýetli başlangyçlarynyň we teklipleriniň esasynda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara derejeli Rezolýusiýalaryň birnäçesi kabul edildi. Olaryň hatarynda 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda kabul edilen «Durnukly ösüş maksadynda halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag we üstaşyr geçelgeleriň orny» atly Rezolýusiýany, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen «Durnukly multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam etmek maksadynda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmäge tarap ýolda» atly Rezolýusiýany, şeýle hem, 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýany görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiz bu Rezolýusiýalaryň taryhy ähmiýeti barada nygtap, munuň geljekde intermodal logistik merkezler we guryýer portlary arkaly ulag ulgamyny döretmek üçin halkara kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretmegiň ýolunda nobatdaky ädimdigini belleýär. Gürrüňi edilýän ulag ulgamy bolsa awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollaryny özünde bireşdirip, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň döredilmegi sebit we halkara derejesinde durnukly ykdysady ösüşe özüniň oňyn täsirini ýetirer. Türkmenistan söwda, ulag-kommunikasiýa çygyrlarynyň «Gündogar-Günbatar», «Demirgazyk-Günorta» ugurlaryny ösdürmek boýunça iri taslamalary hem amala aşyrýar.

Ulag ulgamy Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr. Hormatly Prezidentimiz «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017—2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, döwletimiziň daşary syýasatynyň ýakyn ýyllar üçin kesgitlenen wezipeleriniň hatarynda ulag geçelgelerini döretmek boýunça ýurdumyzyň başlangyçlaryny işjeň durmuşa geçirmek we Merkezi Aziýany kontinent ähmiýetli iri üstaşyr geçiriş çatrygyna öwürmek barada tagallalar edýär. 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahaty ulag meselesi boýunça giň halkara gatnaşyklaryny iş ýüzünde duкnuşa geçirmekde badalga öwrüldi.

Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky köpri bolup çykyş etmeginde Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti örän uludyr. Ýagny, Beýik Ýüpek ýoly ykdysady-medeni taýdan gündogardaky bäş siwilizasiýany (Müsür, Mesopotamiýa, Hytaý, Hindistan we Türkmenistan) baglanyşdyrýan kerwen ýolunyň zynjyrydyr. Ylmy çeşmeleriň tassyklamagyna görä, Beýik Ýüpek ýoly Hytaýy, Alynky Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan söwda kerwen ýolunyň adydyr. Ony ilkinji gezek nemes alymy Ferdinand Rihthowen 1877-nji ýylda Ýüpek ýoly diýlip atlandyrýar. Bu adyň döremegi kerwen ýollarynda Hytaýdan Günbatara örän köp görnüşli harytlaryň, ylaýta-da, ýüpegiň daşalmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýüpek ýoly çölleriň, düzleriň we daglaryň üstünden ençeme ugurlar boýunça geçipdir. Günorta ýol Hotan, Ýarkend, Balh, Zemm we Merw şäherlerini kesip geçipdir. Demirgazyk ýol Turfanyň, Kaşgaryň, Samarkandyň, Buharanyň, Amulyň üstünden düşüp, soňra ýene-de Merwe barypdyr. Şeýlelikde, Merw ençeme asyrlaryň dowamynda Orta Aziýanyň iň uly şäheri hasaplanylyp, halkara söwdasynyň esasy duralgasyna hem-de çatrygyna öwrülipdir. Ondan aňry Ýüpek ýoly Nusaýdan, Dehistandan, Eýranyň şäherlerinden, Bagdatdan aňry dowam edip, Ortaýer deňziniň duralgalaryna baryp ýetipdir we adatça Wenesiýada tamamlanypdyr. 2000 ýyldan gowrak mundan ozal owgan lazuriti we beýleki ýarym gymmatbaha daşlar Kawkazyň üstünden Ýewropa we Demirgazyk Afrikanyň söwda bazarlaryna ýetirilipdir. Şeýle-de sähra ýoly hem bolupdyr. Ol Hazar deňziniň demirgazygyndan aýlanyp gidipdir. Sähra ýoly Gürgençden (Köneürgençden) gaýdyşyna Wolganyň aşaky akymlaryna barypdyr, şol ýerde iki şaha bölünipdir, ýagny olaryň biri ilki Kawkaza Kiçi Aziýa, beýlekisi bolsa Gara deňziň demirgazyk kenar ýakasyna çykypdyr. Türkmenistan köp asyrlaryň dowamynda söwda, ykdysady, ýol ulgamynyň merkezi bolup, Aziýa we Ýewropa milletlerini medeni ykdysady, syýasy taýdan ýakynlaşdyryjy faktor bolupdyr.

XXI asyrda bolsa Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeltmek ugrunda alyp barýan işleri dünýä bileleşiginiň doly goldawyna eýe boldy. Durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen tarapyndan teklip edilen taslamalarynyň esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzir Bitarap döwletimiz ulagyň ähli görnüşlerini ulanmak arkaly Ýewraziýa yklymynyň iki bölegini birleşdirmek bilen, halkara üstaşyr-ulag we logistika merkeziniň derejesinde gaýtadan berkarar bolýar. Bu babatda, Türkmenistan ulag ulgamynyň köpugurly düzümine eýedigini, ýagny awtomobil, howa, deňiz-derýa, demir ýollarynyň bolmagy bilen hem-de şu ýollar arkaly ýolagçylaryň gatnadylyşynyň, ýükleriň daşalyşynyň möçberleriniň yzygiderli artmagy milli ykdysadyýetimizde bu pudagyň paýy artýandygynyň görkezijisidir. Demir ýollar ýurdumyzyň günorta we günbatar çäklerinden goňşy Eýran döwletine we onuň üsti bilen Pars aýlagynyň ýurtlaryna, Ýuwaş umman sebitine, Uzak Gündogaryň döwletlerine örän amatly hem-de gysga ugur boýunça çykmaga mümkinçilik berýär. 1996-njy ýylyň 13-nji maýynda Sarahs ─ Maşat demir ýoly gurlup ulanmaga berildi. 2006-njy ýylyň fewral aýynda uzynlygy 540 kilometr bolan Aşgabat ─ Garagum ─ Daşoguz demir ýolunyň gurluşygy tamamlandy. 2007-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Demirgazyk ─ Günorta halkara geçelgesiniň örän möhüm demir ýoly Gazgystan ─ Türkmenistan ─ Eýran transmilli demir ýolunyň gurluşygyna dabaraly badalga berildi. Sanlyja ýyllarda amal edilen “Gazagystan ─ Türkmenistan ─ Eýran” transkontinental demir ýoly, bütindünýä demir ýolunyň taryhynda şanly waka boldy. Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Etrek etrabyndaky “Akýaýla” demir ýol menzilinde bu halkara demir ýolunyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýoluň açylmagy “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” ugrunda alnyp barylýan beýik işleriň ilkinji gadamy boldy. Türkmenistan soňky döwürlerde halkara derejesinde ulag-aragatnaşyk pudagynyň ösüş meýilnamasynyň ara alyp maslahatlaşylýan merkeze öwrüldi. Halkara “Demirgazyk ─ Günorta” ulag geçelgesiniň “altyn halkasyny” alamatlandyrýan Gazagystan ─ Türkmenistan ─ Eýran demir ýoly Ýewropadan Merkezi we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogara ýükleriň amatly we tygşytly daşalmagyny üpjün edýär. “Demirgazyk ─ Günorta” geçelgesi boýunça ýükleri daşamak has amatlydyr. Bilermenleriň deslapky hasaplamalaryna görä, bu ulag geçelgesi boýunça ýük geçirijiligi ýylda 35-40 million tonna barabar bolar diýlip çaklanylýar.

2011-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Kerki ─ Ymamnazar (Türkmenistan) ─ Akina ─ Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) demir ýoluny gurmak hakyndaky Çarçuwaly ylalaşyga gol çekilipdi. 2013-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygynyň barşynda türkmen paýtagtynda bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça degişli Jarnama gol çekildi. “Türkmenistan ─ Owganystan ─ Täjigistan” halkara demir ýolunyň birinji tapgyry Kerki ─ Ymamnazar (Türkmenistan) ─ Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) böleginiň gurluşyk işleri 2013-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň, Täjigistan respublikasynyň we Owganystan Yslam respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda bu demir ýoluň gurluşygyna badalga berilip, 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda açylyş dabarasy boldy. 2016-njy ýylyň 29-njy sentýabrynda Hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna iş saparynda bolanda Kerki ─ Ymamnazar halkara demir ýolunyň gurluşyk işlerine ýokary baha berdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Türkmenistan ─ Owganystan ─ Täjigistan” demir ýolunyň gurluşygy üç goňşy ýurduň umumy döredijilik maksatlaryna laýyk gelýän dostlukly we netijeli gatnaşyklara ygrarlydygynyň aýdyň nyşanydyr” diýip belledi. Şeýle hem bu möhüm taslamanyň durmuşa geçirilmegi Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmäge, goňşy ýurdy sebit we halkara hyzmatdaşlygyna giňden çekmäge ýardam eder. Bu bolsa, Aşgabat şäherinde açylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň öz üstüne düşýän jogapkärçilikli işini amal edýändiginiň subutnamasydyr. Sebit we sebitara gatnaşyklarynyň düzümlerini ösdürmegiň giňişlik görnüşindäki nusgasynyň esasy hökmünde transmilli ulag geçelgelerini döretmek wezipesiniň barha möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny Hormatly Prezidentimiz 2016-njy ýylyň 11-nji noýabrynda ulag syýasaty boýunça geçirilen maslahatynda belläp geçdi.

Demir ýol pudagynda eýýäm iri taslamalaryň birnäçesi ýagny Eýranyň, Türkiýäniň, Ýakyn we Uzak Gündogaryň ulag ulgamyna iň gysga çykalgany açan Tejen ─ Sarahs ─ Maşat, Aşgabat ─ Garagum ─ Daşoguz demir ýolunyň, sebitiň örän iri suw ulgamy bolan Amyderýanyň üstünden geçýän Atamyrat ─ Kerkiçi demir ýol köprüsiniň we beýleki desgalaryň gurluşygy amala aşyryldy.

Amyderýanyň üstünden demir ýol we awtomobil köprüleri guruldy. 2009-njy ýylda Kerki ─ Kerkiçi demir ýol köprüsi ulanmaga berildi. 2013-nji ýylda Kerki ─ Kerkiçi awtomobil köprüsi ulanmaga berildi. 2013-nji ýylda Seýdi ─ Farap awtomobil köprüsi hem ulanmaga berilip, 2017-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda Türkmenabat ─ Farap demir ýol köprüsiniň we Türkmenabat ─ Farap awtomobil köprüsiniň açylyş dabarasy boldy.

Milli floty we tutuş degişli düzümi hem ösdürmäge uly üns berilýär. Şunda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurulmagy möhüm düzüme öwrüldi. Ol 2018-nji ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanylmaga berildi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu port Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmak üçin möhüm şertleri döredýär, sebitara we yklymara gatnaşyklara täze strategik mümkinçilik mahsus bolýar. Aýratyn bellemeli zat, bu deňiz porty Ýewropa ýurtlarynyň Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt we çig mal bazarlaryna hem-de Hindi ummany sebitiniň döwletlerine çykmak üçin amatly şertleri döreder. Bu bolsa örän uly möçberli ýükleriň daşalýan aralygyny hem-de möhletini ep-esli gysgaltmaga mümkinçilik berer. 2019-njy ýylyň awgust aýynda geçirilen ilkinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşyjy döwletleriň özara ylalaşyklarynda hem ulag ulgamy Hazarýaka hyzmatdaşlygynyň örän wajyp ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Şeýle halkara derejeli ýollaryň gurulmagy halklary ykdysady, medeni taýdan biri-birine ýakynlaşdyrýar we dostlaşdyrýar. Ýurdumyzyň içerki ulag-aragatnaşyk pudagynda hem aýratyn öňe gidişlikler bar. Ýagny Aşgabat bilen Daşoguz aralygynda täze, örän oňaýly awtomobil ýolunyň gurlup ulanmaga berilmegi bu ugurda birnäçe ýeňillikleriň döremegine getirip, daş ýollary ýakynlaşdyrdy. Şol sanda bu ýoluň gurulmagy çöli özleşdirmek, onuň ugrunda ilatly ýerleri döretmek ýaly wezipeleriň hem ýerine ýetirilmegini üpjün edýär. Aşgabat ─ Mary ─ Türkmenabat aralygyndaky awtomobil ýolunyň hem durky täzelenip, onuň ugrunda birnäçe täze geçelgeler guruldy. Soňky bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanda suw ulaglary arkaly ýük gatnawlarynyň möçberi 123 göterim artdy. Mundan başga-da şol ýyllar içinde ýük dolanyşygy 111 göterim, ýolagçy gatnawy 4 esseden gowrak ösdürildi. Diňe geçen ýyldan bärki netijeleri alyp göreniňde, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýolagçy dolanşygynyň 37,6 göterim artandygyny görmek mümkin. 2010-njy ýylda Türkmenistanyň deňiz söwda floty müdiriýetiniň binýadynda “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda ýasadylan 320 orunlyk, ýokary tizlikli “Çarlak” gämisi hem deňizde ýolagçylary gatnatmagy göwnejaý guramak babatda alnyp barylýan işleriň üstüni ýetirdi. Metbugatda habar berşi ýaly, 2018-nji ýylyň ilkinji aýynda Türkmenistanyň çäginden 334 müň tonna üstaşyr ýükler geçirildi. Bu geçiriji 2017-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 41 göterim köpdür.

2014-nji ýylyň 3-4-nji sentýabr aýynda Aşgabatda ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlyga bagyşlanan halkara maslahatyň geçirilmegi bu ugurda möhüm ädim boldy. Milli Liderimiziň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşiginiň goldaýandygynyň, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzümleriniň ykrarnamalarynyň mysallary, şeýle hem ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň berýän bahasy arkaly göz ýetirmek bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy (ÝYK), BMG-niň Aziýa ─ Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we ýörite komissiýasy (ESKATO), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Halkara awtomobil ulaglary bileleşi (IRU) hem-de Ýewropa ─ Kawkaz ─ Aziýa ulag geçelgesi boýunça (TRASEKA) hökümetara komisiýasy bilen birlikde guralan maslahatyň ýokary derejesi Türkmenistanyň Merkezi Aziýa üçin Modal ýoluny döretmek hakynda öňe süren başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky suwutnamasyna öwrüldi. Bu ugurda özara bähbitlere esaslanýan, abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän bilelikdäki iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri hökmünde öz geografiki meýdanyny giňeldýär.

2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny” atly Kararnama kabul edildi. Bu resminamanyň düzgünlerinde 2014-nji ýylyň sentýabrynda kabul edilen hem-de ulag we üstaşyr kommunikasiýalaryny ösdürmäge toplumlaýyn çemeleşmäni kemala getirmegi göz öňünde tutýan Aşgabat jarnamasynyň esasy ugurlary öz beýanyny tapdy. Şunlukda 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmek barada hödürlän Kararnamasyny kabul etdi. Dünýäniň 85 döwleti bu Kararnamanyň awtordaşy boldy. Bu Kararnamanyň kabul edilmegi bilen döwletimizde uly işler ýerine ýetirildi.

Diýarymyzda ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ýene-de bir pudagy Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň halkara derejede ösmegine aýratyn üns berilýär. “2012-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasyna” laýyklykda paýtagtymyzda we welaýatlarda täze howa menziliniň gurluşygy alnyp barylýar we ozal bar bolanlary döwrebaplaşdyrylýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde 2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda açylyp, ulanmaga berlen döwrebap halkara howa menzili bu ugurda alyp barýan uly işlerimiziň aýdyň mysalydyr. Bu desganyň binagärlik çözgüdiniň özboluşlylygy, bu ägirt uly howa menziliniň enjamlaşdyrylyşy we işiniň guralyşy üçin ähmiýetli halkara sylaglara mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

2018-nji ýylda gurlup ulanylmaga berlen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty dünýäde iri halkara we sebit düzümleri bilen ulag-logistika, söwda-ykdysady, medeniýet, syýahatçylyk ýaly gatnaşyklary ösdürmekdäki hyzmatdaşlygynyň altyn halkasy bolmak mümkinçiligine eýedir. Portuň umumy meýdany 1 million 358,5 müň inedördül metrden gowrakdyr. Bir wagtyň özünde gämileriň 17-sine hyzmat edip bilýän deňiz duralgalarynyň umumy uzynlygy 1800 metrden gowrakdyr. “Ýaşyl port” halkara ölçeglerine doly laýyk gelýän, ösümlik we haýwanat dünýäsine baý bolan Hazar deňziniň ekologiýasyny aýawly saklamak maksady bilen, tutuş çäginde tebigat üçin zyýanly zyňyndylary çykarmaýan tilsimatlar ornaşdyrylandyr. Şeýlelikde, Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň arasynda ýerleşýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan asudalygy, hoşniýetli we parahatsöýüjilikli daşary syýasaty bilen dünýä ýurtlarynyň ünsüni özüne çekýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek bilen baglanyşykly oňyn başlangyçlary dünýä jemgyýeti tarapyndan uly goldawa eýedir. Türkmenistan dünýäniň ulaglar ulgamyna işjeň girişmegi bilen Gündogar ─ Günbatar we Demirgazyk ─ Günorta ugurlary boýunça gurlan we Türkmenistanda ýol gurluşygynyň häzirki döwürde Ýewropa hem-de Aziýada ykdysady taýdan uly bähbidiniň boljakdygy açyp görkezmek, şonuň ýaly hem halkara söwdasynda ýükleri daşamakda has gysga ýollaryň amatly boljakdygyny açyp görkezmek bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitinde hormatly Prezidentimiz çykyş edip, taryhy ähmiýete eýe bolan başlangyjy öňe sürdi. Birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky teklip Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk işleri ýokary depgin bilen alnyp barylýar. Dördünji senagat rewolýusiýasynyň amala aşyrylýan döwründe milli Liderimiziň taryhy başlangyçlarynyň esasynda geçiriljek bu ykdysady forumyň Hazar basseýninde gepleşikleriň, özara bähbitli gatnaşyklaryň täze formatynyň döredilmegine itergi bolup çykyş eder. Bu bolsa halkara gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygyň sebit derejesinde ösdürilmegi babatda öňde goýulýan belent sepgitlere ýetmekde netijeli gurallaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Şeýle hem, onuň Hazarýaka döwletlerinde her ýylda geçirilýän köptaraply gatnaşyklar üçin hereket edýän hemişelik binýada öwrülmegi göz öňünde tutulýar. Oňa hökümet, işewür we ylmy toparlaryň, halkara we sebitara guramalarynyň we hususy pudagyň wekilleriniň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak meýilleşdirilýär.

Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýanyň çäklerinde döwletleriň özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary bilen baglanyşykly meseleleriň toplumyny ara alnyp maslahatlaşmaga zerur bolan şertleri döretmäge ýardam berjek birinji Hazar ykdysady forumy Hazarýaka döwletleriniň ykdysady mümkinçiliklerini ýüze çykarmakda, hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejelere çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.

Durnukly ösüşiň maksatlaryny durmuşa geçirmekde, multimodal, ýagny ulagyň ähli görnüşlerini öz içine alýan üstaşyr geçelgeleri döretmekde Ýewraziýa giňişliginde sebitara we yklymara gatnaşyklary üstaşyr ulag gatnawlaryny artdyrmagy işjeňleşdirmek meseleleri aýratyn möhümdir.

Gadymy ýoluň ugrunda ýerleşen ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de dostlugyň berk köprüsini alamatlandyrýan ulaglar ulgamy aýratyn orna eýe bolup durýar. Bu ugurda esasy orun Türkmenistan döwletiniň paýyna düşýär. Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ösüşini täze derejä götermäge, halklaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, ösüşiň gazananlaryny ulanmaga mümkinçilik berer. “Durnuklylyk we netijelilik” diýen güwänama bolsa Türkmenistanyň senagaty ösdürmekdäki nusgalyk işlerine berlen halkara ykrarnama bolup durýar. Aşgabat şäherinde geçirilen Owganystan boýunça sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk babatda Ýedinji sebit maslahatynyň (RECCA VII) çäginde Lazurit (“Lapis ─ Lazuli”) ulag geçelgesini döretmek Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň gol çekişildi. Türkmenistan ulag diplomatiýasynda birnäçe halkara başlangyçlary öňe sürýär. Ulag-üstaşyr geçelgesiniň durnukly ösüşi üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmek barada ýurdumyzyň hödürlän Rezolýusiýasyny BMG-niň Baş Assambleýasy iki gezek kabul etdi. Türkmen halkymyzyň taryhy-medeni mirasy hasaplanýan bu ýoluň dikeldilmeginiň Berkarar döwletimiziň söwda aragatnaşygyny ösdürmek, goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlyk hem-de dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmekde galyberse-de, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, paýhasly syýasaty, başlangyjy esasynda ýokarda agzalan mümkinçilikleri durmuşa geçirip, transmilli demir, awtomobil ýollary, döwrebap uçarlary we täze howa menzilleri, sebitde iri paromlary we beýleki mümkinçilikleri bolan halkara logistik merkezine öwrülýär.

 

EDEBIÝAT

  1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň durmuş – ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy. // II tom, TDNG, Aşgabat, 2010.
  2. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan – abadançylygyň we rowaçlygyň ýurdy. // TDNG, Aşgabat, 2015.
  3. Gurbanguly Berdimuhamedow. Bitarap Türkmenistan. // TDNG. Aşgabat 2015 ý. 35-36; 142 s.
  4. Gazhimiýa pudagy: Gyýanly şäherçesindäki täze toplum ösüşleriň buşlukçysydyr. // Diýar žurnaly, №11/2018
  5. Ýalkymyň ýollara düşýär, Watanym! // Türkmenistan gazeti, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabry. 7 s.
  6. Всеволод Анатольевич Радкевич. Великий шёлковый путь. // Москва 1990.г.
  7. Ýewraziýanyň ýüreginden dünýä bazarlaryna. // Türkmenistan gazeti, 2018-nji ýylyň 31-nji maýy. 2 s.
  8. B. Karaýew, M. Gurbanow, G. Joraýew, Türkmenistanyň daşary syýasaty, Aşgabat 2017ý.
                                                                                                               G. Çaryýewa,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we

ulag kommunikasiýalary institutynyň

Jemgyýeti öwreniş ylymlary

kafedrasynyň mugallymy.

 

 

                                                      

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle