TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan Belarusa gynanç bildirdi

Belarus Respublikasynyň daşary işler ministri Wladimir Makeý biwagt aradan çykdy. Tejribe diplomatyň aradan çykandygy zerarly Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem gynanç hatyny ýollady.

“Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hormatly kärdeşimiz, Belarus Respublikasynyň daşary işler ministri Wladimir Wladimirowiç Makeýiň biwagt aradan çykmagy bilen baglanyşykly çuňňur gynanç bildirýär” diýlip, hatda bellenilýär.

Şeýle hem bu hatda Wladimir Wladimirowiç Belarusyň diplomatik gullugynyň ösmegine möhüm goşant goşdy, öz ýurdunyň daşary syýasatyny yzygiderli, berk we düýpli alyp bardy, halkara syýasy arenasyndaky ornuny we bähbitlerini gorady.

Adaty dostlukly ikitaraplaýyn türkmen-belarus gatnaşyklaryny berkitmek we ösdürmek ugrundaky tagallalary aýratyn bellärliklidir.

Wladimir Wladimirowiç Makeý ýokary hünärli diplomat, sada we edepli adam, ak ýürekli we wepaly dost hökmünde hemişe ýadymyzda galar, diýlip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gynanç hatynda bellenilýär.

1958-nji ýylda doglan Wladimir Makeý 2012-nji ýylyň awgustyndan bäri Belarusyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy wezipesinde işledi. Mundan ozal, ol 2008-nji ýyldan 2012-nji ýyla çenli Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň administrasiýasynyň ýolbaşçysy, 2000-2008-nji ýyllarda bolsa Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi wezipelerinde işledi.

Ýene-de okaň

Russiýa Türkmenistana sanly parlament kitaphanasyny döretmegi teklip etdi

Astana Halkara maliýe merkeziniň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistan Özbegistana suwuklandyrylan gaz kömegini berer

Teswirle