Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda giň tagallalar edilýär. Şu gün — 18-nji martda ýurdumyzda geçirilýän ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy asylly däbe öwrülen ekologik tutumyň mynasyp dowamydyr.
Ministrler Kabinetiniň 10-njy martda geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýyl ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýbi ekiler. Şol nahallaryň 1,5 million düýbi ýazky bag ekmek möwsüminde oturdylar.
Ýurdumyzda saýaly we miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmek baradaky işler günsaýyn kämilleşýär. Bu bolsa arassa howa şertleriniň döredilmegine, daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna täsir edýär. Türkmenistanda her ýylda baharyň ilkinji günlerinde ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary derejede — hakyky zähmet baýramçylygynyň ruhunda geçirmek däbe öwrüldi.
Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, baýlyklaryny geljek nesiller üçin saklap galmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Sözüň doly manysynda, Türkmenistan — bagy-bossanly Watanymyz. Ýurdumyzyň iň täze taryhynyň aýdyň nyşanyna, sazlaşygyň we gözelligiň nusgasyna öwrülen ýurdumyzyň paýtagtynyň keşbi bolsa günsaýyn özgerýär. Türkmenistanyň paýtagtyny dünýä ähmiýetli şähere öwürmek boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär. Häzirki wagtda Aşgabat şäheri gözümiziň alnynda emele gelýän täsin binagärlik keşbi bilen göreni haýran galdyrýar. Olarda beýik binalar hem-de giň meýdançalar, şaýollar, baglara bürenen köçeler, oňaýly seýilgähler, ägirt uly tokaý-seýilgäh zolaklary täsin sazlaşyk döredýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleri Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Ählihalk bag ekmek dabarasyna-da ykjam taýýarlyk görüldi. Tebigaty gözelleşdirmek, arassa ekologiýany gorap saklamak, saýaly, pürli, miweli agaç nahallarynyň, üzümiň sanyny artdyrmak maksady bilen amala aşyrylýan bag ekmek dabarasy indi asylly däbe öwrüldi.
Mähriban ýurdumyzy, eziz Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmegiň çäginde geçirilýän bu döwletli işler agzybirligiň, jebisligiň, bagtyýarlygyň ajaýyp sazlaşygyny emele getirýär. Şäher we oba ýerlerinde bag nahallarynyň ekilmegi ilatly künjekleri epgekden we tozanly ýellerden goramaga, arassa howa gurşawyny emele getirmäge, suw akabalarynyň kenarlarynda saýaly baglaryň ekilmegi topragy we kenary berkitmäge uly ýardam berýär. Ýurdumyzda miweli baglaryň oturdylmagy tebigat gözelligini artdyrmak bilen, ter miwe önümleriniň bolçulygyny üpjün edýär. Şeýle döwletli işlerde häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy ykdysady hem-de ekologiýa babatda örän bähbitlidir. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň çäginde kemala gelýän ajaýyp tokaý zolaklary, dürli agaçlaryň giň ýaýrawyny özünde jemleýän ýaýylyp ýatan sähralar adam hakyndaky irginsiz aladanyň, ekologiýa taýdan arassa howa şertleriniň gazanylmagyny maksat edinýän rowaç gadamlaryň belentden dabaralanmasydyr.
Şatlyk Bäşimow,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.