TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan BAE we Marokko kükürt satar

Türkmenistanyň wekiliýeti Marokko Patyşalygynda gulluk iş saparynda boldy. bu dostlukly ýurtlara amala aşyrylan saparlaryň çäklerinde geçirilen geňeşmelerde birnäçe ylalaşyklar gazanyldy.

Şeýle hem geňeşmeleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekdiler. Hususan-da “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “OCP S.A.” (Marokko Patyşalygy) we “Sun International FZE” (Birleşen Arap Emirlikleriň) kompaniýalarynyň arasynda 1 million tonna kükürdi satmak hakynda şertnamalara gol çekildi.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow Ministrler Kabinetiniň sanly wideokonferensiýasynda hormatly Prezidentimize hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýola goýlan gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglylykda, Marokko Patyşalygynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen baglaşylan şertnamanyň ähmiýetine üns çekildi. Bu Şertnama ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakda hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmeginde we şeýlelikde, döwletara syýasy, ykdysady hyzmatdaşlygyň barha ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Onuň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda alyp barýan ugrunyň hem üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüler.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle