TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan-BAE: ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al-Mazruini kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenbaşy halkara deňiz porty bilen Dubaýyň we Abu-Dabiniň portlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ulag-logistika ugurlaryny açmak mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň derejesine kanagatlanma bildirip, BAe-niň Prezidenti Muhammed bin Zaid Al Nahaýanyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ýurda saparynyň guraljakdygy bellenildi.

Şeýle hem birnäçe hepde soň, ýagny 7-8-nji sentýabrda Aýlagdaky arap ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk geňeşi bilen Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň arasynda strategik dialog boýunça ilkinji duşuşygyň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.

Gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygy, ýangyç-energetika pudaklarynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň uludygy bellenilip, Türkmenistanyň BAE-niň nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny bellediler.

Taraplar BAE-niň gatnaşmagynda Türkmenistanda gazhimiýa, maliýe we ulag ulgamlarynda amala aşyrmagy göz öňünde tutulan taslamalaryň ilerledilmegi, hususan-da Jebeldäki halkara howa menziliniň, Serdar etrabyndaky gibrid elektrik stansiýanyň, Türkmenabat şäherinde kombinirlenen mineral dökünleriň önümçiligi boýunça taslamalar babatda pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, dokma senagaty pudagynda hyzmatdaşlyk etmek, türkmen harytlarynyň BAE-niň, Aýlag ýurtlarynyň we Afrikanyň bazarlaryna ibermegiň mümkinçilikleri maslahatlaşdylar.

Türkmenistan bilen IRENA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki ýurtlaryň wekiliýetleri bilen gepleşikler geçirdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Prezident Ärdogan: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyza ösdürmäge taýýardyrys

Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar

Teswirle