TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan-BAE: täze ylalaşyklar baglaşyldy

Hormatly Prezidentimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde iş saparyny amala aşyryp, “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň kabul edişlikler esasy merkezinde BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur ben Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Şeýh Mansur ben Zaýed Al Nahaýýan iki ýurduň arasynda birnäçe şertnamanyň we ähtnamalaryň gol çekilmegine ýokary baha berdi we Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiň agzalarynyň hem-de BAE-niň resmi adamlarynyň gatnaşmagynda gepleşikleriň çäklerinde bilelikdäki taslamalaryň amala aşymagyny düzgünleşdirýän ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy boldy.

Gol çekilen ylalaşyklary:

  • Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korparasiýasy bilen “Abu Dhabi Future Energy Company” (Masdar) kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmak hakyndaky ähtnama:
  • Türkmenbaşy halkara deňiz porty bilen “DP World” kompaniýasynyň arasynda porty dolandyrmak we logistika hyzmatlary babatda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama:
  • Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakyndaky ylalaşyga:
  • Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bile Dubaý şäheriniň hökümetiniň Ykdysady ösüş departamentiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama:
  • Türkmenistanyň Türkmenabat şäherindäki garyşyk mineral dökünleri öndürýän himiýa zawodynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda karz ylalaşygy:
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen “Masdar Dubai Limited” kompniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Ekspo-2020” sergisine gatnaşdy

Ýene-de okaň

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Saud Arabystanyda

Türkmenistan bilen Russiýa 15 resminama gol çekişdi

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Teswirle