TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan-BAE: bilelikdäki bank dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy, geljegi uly ugurlar, şol sanda ýangyç-energetika ulgamynda, nebiti gaýtadan işleýän, gazhimiýa senagaty we ulag ulgamy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan BAE-niň işewürler toparlarynyň öňdengörüjilikli ykdysady strategiýany üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassyklady.

Şeýle-de taraplar ulag ugry boýunça, hususan-da, deňiz, demir ýol we howa gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny dünýä deňiz portlary ulgamyna birikdirmek üçin Abu-Dabiniň Halkara deňiz porty bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň netijeli boljakdygyny aýtdy.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň işini has-da işjeňleşdirmegiň möhümdigini, iki ýurduň işewürler toparlarynyň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

Şeýle hem bilelikdäki banky döretmek we iki ýurtda-da onuň wekilhanalaryny açmak barada teklip beýan edildi. Türkmenistanyň Prezidenti bu teklibi goldap, munuň üçin Türkmenistan tarapyndan ähli mümkinçilikleriň dörediljekdigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Teswirle