Şu gün Türkmenistanyň Daşary işle rministrliginiň resmi internet sahypasynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlary babatda maglumatnama ýerleşdirildi. Şol maglumatnamada Türkmenistanyň durnukly ösüş, energetika, azyk howpsuzlygy we beýleki ugurlar boýunça birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürüldi. Bu başlangyçlar BMG-niň Baş Assambleýasynda beýan ediler.
Şol maglumatnama bellenilip geçilişi ýaly, häzirki wagtda ählumumy howpsuzlyk ulgamynda esasy meseleleriň biri çalt depginde köp sanly ýurdy we sebitleri gurşap alýan azyk ýetmezçilik meselesidir.
Bu şertlerde häzirki ýagdaýy ýeňip geçmek üçin gyssagly we täsirli çäreler zerurdyr. Dünýä azyk bazarynyň durnuklylygyny saklamak, şeýle hem BMG-nyň Baş sekretarynyň bu ugurdaky tagallalaryna goldaw bermek üçin Türkmenistan Azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumy geçirmegi teklip edýär.