TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Türkmenistan Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasyna gatnaşar

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçilişi ýaly, sport ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde Halkara Olimpiýa Komiteti hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 2 — 5-nji oktýabrynda Kamboja Patyşalygynyň Pnompen şäherinde geçiriljek Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 41-nji Baş Assambleýasyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy baradaky teklip beýan edildi.

Şeýle-de ýakyn ýyllarda ýurdumyzda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edilýär.

Häzirki wagtda abraýly halkara sport guramalary, hususan-da, Bütindünýä dopinge garşy göreş agentligi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin açylýan täze mümkinçilikler öwrenilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halkara sport lukmançylygy federasiýasynyň agzalygyna girmegi boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde, hususan-da, GDA-nyň ugurdaş geňeşi bilen bedenterbiýe we sport ulgamynda özara gatnaşyklar netijeli häsiýete eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek boýunça anyk teklipler beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda 2023 — 2025-nji ýyllaryň dowamynda sebit we dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryny geçirmegiň mümkinçiligine garamak teklip edilýär.

Ýene-de okaň

“Bawariýadan” rekord: 11-nji gezek yzly-yzyna çempion boldy

«Arkadag» futbol topary 24 utuk toplady

Türkmenistanyň Aziýa Kubogy-2024-däki garşydaşlary belli boldy

Teswirle