TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan Azerbaýjanyň Eýrandaky ilçihanasyna edilen hüjümi ýazgardy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda bolup geçen, Ilçihananyň goragyna degişli bolan bir işgäriniň ýogalmagyna we iki işgäriniň ýaralananmagyna sebäp bolan ýaragly hüjümi ýazgarýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, Türkmenistan diplomatik wekilhanalara edilýän hüjümleriň we diplomatik edaralaryň işgärlerine garşy islendik zorlugyň ulanylmagyna ýol berilmeli däldigini nygtaýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi merhumyň garyndaşlaryna we dostlaryna çuňňur gynanç bildirýär, şeýle hem Azerbaýjanyň Eýrandaky Ilçihanasynyň ýaralanan işgärlerin tiz wagtda sagalmagyny arzuw edýär.

Ýene-de okaň

Hytaýda “Hytaý-Merkezi Aziýa” formatynyň çäklerinde birinji sammit geçiriler

Dünýäniň liderleri Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Şu gün – Halkara Nowruz güni

Teswirle