TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Stambul ugurly ýörite gatnawlary dowam edýär

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Türkiýe Respublikasynyň Stambul ugry boýunça ýörite gatnawlary dowam edýär.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde daşary ýurtda, hususan-da, Türkiýede bilim almak isleýän ýaşlar talyp wiza resminamasyny resmileşdirip, Türkiýe Respublikasyna okamaga gidýärler.

Soňky aýlarda Türkmenistandan Türkiýä ugry boýunça ýörite uçar gatnawlaryny ýygjamlaşdyran “Türkmenistan” awiakompaniýasy şu gün Stambul ugry boýunça  ýene-de bir ýörite gatnawyny amala aşyrdy.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Türkiýä ugurly ýörite gatnawy amala aşyrylyp, bu gatnawdan türkmen talyp dalaşgärleri peýdalandy. Şol gatnaw bilen köp sanly türkmen raýatlary Watanymyza dolanyp geldiler.

Şeýle hem öňümizdäki günlerde ýene-de birnäçe ýörite uçar gatnawlarynyň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Bu gatnawlar baradaky habarlary hem yzygiderli ýetirip durarys.

Sentýabr aýynda hem “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň we “Türk howaýollary” awiakompaniýasynyň ýörite uçar gatnawynyň has artmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

Teswirle