TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Moskwa ugurly gatnawlaryny artdyrýar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Moskwa ugry boýunça amala aşyrýan ýolagçy uçar gatnawlarynyň sanyny artdyrýar. Kompaniýa aprle aýynyň ahyrynda bu ugur boýunça gatnaw sany 3-den 4-ä ýetiriler. Bu barada “Türkmenportal” neşiri habar berýär.

Mundan beýläk, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Moskwa ugry boýunça amala aşyrýan ýolagçy uçar gatnawlary her hepdäniň sişenbe, çarşenbe, anna we şenbe günleri ýerine ýetirer. Mundan ozal, bu awiakompaniýanyň bu ugurdaky gatnawlary sişenbe, çarşenbe we anna günleri amala aşyrylýardy.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabatdan Russiýanyň paýtagty Moskwa şäheriniň Domodedowo howa menziline uçar gatnawlaryny ýerine ýetirýär.

Mälim bolşy ýaly, halkara uçar gatnawlarynyň geografiýasyny kem-kemden giňeldýän “Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaý, Pekin, Täze Deli, Frankfurt, Stambul, Kazanawe Moskwa şäherlerine adaty ýolagçy uçar gatnawlaryny ýerine ýetirýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti BSGG-niň Baş direktory bilen duşuşyk geçirdi

Ata Watan Eserleri

“Ýartygulak we onuň dostlary” atly çagalar kitaby neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Türkiýe wizalary: saglyk wizasy üçin zerur resminamalaryň sanawy

Teswirle