TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara gatnawlaryň biletleriniň bahasyny arzanlatdy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy amala aşyrýan halkara uçar gatnawlarynyň biletleriniň bahasyny arzanlatdy. “orient.tm” internet neşirindäki habara görä, halkara gatnawlaryň awiabiletleriniň bahasynda 2,5 göterim arzanladyldy.

Aşgabatdan Dubaý, Kazan, Moskwa, Stambul we Franfurrt ugurlary boýunça biletleri bahasynda arzanladylyş amala aşyryldy.

Awiabiletleriň bir tarapynyň täze tarifleriniň bahasy şeýle: 

Aşgabat – Dubaý: 5639 manat 80 teňňe (ozal 5784 manat 60 teňňe)

Aşgabat-Kazan: 6667 manat 60 teňňe (oazal 6833 manat 80 teňňe)

Aşgabat-Moskwa: 6682 manat 10 teňňe (ozal 6858 manat 30 teňňe)

Aşgabat – Stambul: 6658 manat 80 teňňe(ozal 6825 manat)

Aşgabat – Frankfurt: 8023 manat 80 teňňe (ozal 8225 manat)

Awiabiletleri “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň kassalaryndan, şeýle hem awiakompaniýanyň resmi saýtyndan onlaýn satyn almak bolar.

Şeýle hem biletleri iOs we Android mobil goşundylary arkaly “Altyn asyr” bank karty arkaly töleg etmek mümkinçiligi döredilendir.

Ýene-de okaň

Kerki ― Daşoguz ― Kerki uçar gatnawy dikeldildi

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ilkinji “Airbus” kysymly ýük uçary

Ata Watan Eserleri

Ýurdumyzyň dermanhana pudagynyň üsti ýetirildi

Teswirle