TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan-ABŞ howpsuzlyk meseleleri boýunça iş toparynyň ilkinji duşuşygy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda Howpsuzlyk meseleleri boýunça iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew duşuşygy açmak bilen, bu duşuşygyň howpsuzlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin geljekki geňeşmeleriň esasy bolup durýandygyny belledi.

Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, terrorçylyk, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy ýaly howplara we beýleki hereketlere garşy göreşmegiň netijeliliginiň zerurdygyny nygtadylar. Şeýle hem, kiberjenaýatçylyga garşy göreşmek, maglumat howpsuzlygyny güýçlendirmek çäreleri özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.

Owganystanda parahatçylygy gurmaga aýratyn üns berildi. W.Hajiýew Türkmenistanyň Owganystanyň syýasy we ykdysady durnuklulygyna hem-de agzybirligine we gülläp ösmegine gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. Bu nukdaýnazardan, “Merkezi Aziýa + ABŞ” we “Türkmenistan-ABŞ-Owganystan” ýaly köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatlarynyň netijeliligi bellenildi.

Iş toparynyň mejlisine gatnaşyjylar gepleşikleri dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň doglan güni ÝUNESKO tarapyndan bellener

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

“Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi”:Owganystan boýunça Ýörite wekilleriň dördünji duşuşygy

Teswirle