JEMGYÝET

Türkmenistan 275 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna iberer

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2022-nji ýylyň 2 — 22-nji iýuly aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 275 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynda bolup, umra haj parzyny ýerine ýetirip geldi.

Koronawirus ýokanjy sebäpli 2 ýyldan gowrak wagtdan bäri Saud Arabystany Patyşalygy daşary ýurtdan haj parzy üçin zyýaratçylary kabul etmeýärdi. Şu ýyl daşary ýurtlular üçin hem haj parzyny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berildi.

Saud Arabystanynyň Haj we umra ministrligi haj parzy üçin rugsat edilen 1 million zyýaratçynyň agramly bölegini daşary ýurtlularyň tutjakdygyny mälim etdi.

 

Putin AÅŸgabatdaky Hazar sammitine gatnaÅŸar

Ýene-de okaň

Baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni: ýaşyl tugumyz Dubaý, Nýu-Ýork, Ankara we Abu-Dabiniň gijelerine ýalkym saçdy

Ata Watan Eserleri

Ärdogan: Türkiýe bilen Türkmenistanyň gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdüriler

Baýden: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek ugrundaky tagallalarymyzy dowam etdireris

Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri Germaniýada saparda bolarlar

Frank-Walter Ştaýnmaýer: Germaniýa Türkmenistanyň hyzmatdaşy