TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan 2021-nji ýyla feýerwerkler bilen gadam basdy

Täze 2021-nji ýyla gadam basyldy. Türkmenistan halky hem 2021-nji ýyla uly ynam bilen agzybirlikde gadam basdy.

Ýurdumyzda nobatdaky ýyl eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilýän esasy ýyllarynyň birine öwrüler. Şeýle hem üstümizdäki ýyl “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagy Watany” şygary astynda geçer.

Tutuş ýurdumyzda Täze ýyl baýramçylygy uly şowhuna beslendi. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Älem” dynç alyş we medeniýet merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda geçirilen dabaralar uly şowhuna beslendi.

ÝURDUMYZYŇ WELAÝATLARYNYŇ BAÝRAMÇYLYK GUTLAGLARY

Ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky meýdançada gurlan dabaralaryň çäklerinde paýtagtymyz Aşgabat bilen welaýatlarymyzyň arasynda teleköpri arkaly göni ýaýlymda baýramçylyk gutlaglary ýaňlandy.

Ilki bilen ýurdumyzyň Ah welaýatynyň, soňra Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan ýaşulylar hormatly Prezidentimiz Täze ýyl bilen gutlady.

Ýurdumyzyň ýaşulular wekili öz gutlaglarynda 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda uly üstünliklere beslenendigini, tutuş ýurdumyzda köp sanly ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, durmuş we önümçilik maksatly binalaryň gurlup ulanmaga berlendigini belläp geçdiler.

Şeýle hem 2020-nji ýyl ýurdumyzyň Esasy kanuny hem has-da berkitmek babatda uly işleriň edilendigi, Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalaryň girizilmegi babatda taryhy çözgütleriň kabul edilendigi bellenildi.

Umuman, uly üstünliklere beslenen ýylda ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hem giňden bellenip geçilendigi aýdyldy.

Täze 2021-nji ýylda, ýagny “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagy Watany” şygary astynda geçjek ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden belleniljekdigi mälim edildi.

Teleköpri arkaly baýramçylyk gutlaglaryny paýtagtymyz Aşgabadyň ýaşululary jemlediler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ TÄZE ÝYL GUTLAGY

Soňra Oguzhan köşkler toplumyndan hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ilatyny Täze 2021-nji ýyl bilen gutlady. Milli Liderimiz öz Gutlagynda 2020-nji ýylda köp sanly jemgyýetçilik we senagat desgalarynyň gurlandygyny we işe girizilendigini, ýurtda halkara ähmiýetli birnäçe taslamanyň durmuşa geçirilýändigini we oba hojalygynda konstruktiw özgertmeleriň geçirilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Täze ýylda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uludan belläp geçiljekdigini aýdyp, ýurdumyzyň halkyny Täze ýyl bilen gutlady.

TÄZE ÝYLYŇ FEÝEWERKLERI

Soňra sagadyň dili 24:00-görkezdi. Ýurdumyzyň milli senasy ýaňlanyp, Täze ýylyň şanyna asmana dürli öwüşginli feýerwerkler atyldy.

Biz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtynyň döredijilik topary bolup, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny Täze ýyl baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle