DÜNÝÄ

Türkmenistan 17-nji “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” forumynyň taýýarlyk maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Seuldaky ilçisi Begenç Durdyýew 8-nji awgustda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň esasy binasynda geçirilen “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumy sekretariatynyň 15-nji ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisine gatnaşdy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçilerinden we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Demirgazyk-Gündogar we Merkezi Aziýa işleri boýunça bölüminiň baş müdirinden ybarat bolan ýerine ýetiriji komitetiň agzalary, şu ýylyň güýzünde Seulda geçirilmegi meýilleşdirilýän 17-nji Hyzmatdaşlyk forumyny geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, duşuşyga gatnaşyjylar geçiriljek forumyň gün tertibine degişli meseleleri, şeýle hem 2025-nji ýyl üçin “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” forumunyň iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň Seuldaky ilçihanasynyň web-saýtynda habar berilýär.

Ýene-de okaň

Gruziýanyň döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň auditoriýasy açyldy

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Eýranyň Prezidenti özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny Yraga amala aşyrýar

Kamala Harris we Donald Trump arasynda bolan ilkinji teleçekişme

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýörite geňeşçisi bilen geçirilen duşuşyk

Indoneziýanyň Prezidenti täze paýtagta göçýär