TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Türkmeniň milli ýörelgeleri hakynda dürler hazynasy

Ýadymyzda bolsa, geçen aýyň başlarynda dörediji Liderimiz täze «Türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny halk köpçüliginiň dykgatyna ýetiripdi. Her jümlesini altyna gaplaýmaly şol kitap ine bu gün biziň elimizde. Elhepus, bu gün iki başyň çatylan ýerinde salamdan soňky gürrüň şu ajaýyp kitap hakynda. Kitap şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň buýsanjy goşalandyrdy duruberdi.

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri» kitaby türkmen, onuň ruhy dünýäsi, ýaşaýyş-durmuşy hakynda ýazylan paýhasly gürrüňleriň beýanydyr. Kitap özünde on iki sany uly göwrümli ylmy-publisistik makalalar toplumyny jemleýär. Ýagny her makala bir bölümi emele getirýär. Şol makalalaryň hem her birinde türkmeniň däp-dessurlary, edim-gylymlary, milli gymmatlyklary hakynda giňişleýin hem gyzykly gürrüňler edilýär, gymmatly pikirler ýöredilýär. Galyberse-de, türkmeniň geçmişi, şu güni, ertiri barada aýdylýan pikirler, şol sanda türkmeniň syýasy, ykdysady, medeni, edebi gymmatlyklary dogrusyndaky täsirli gürrüňler kitabyň gymmatyny has-da artdyrýar.

Bölümlerden söz açsak, kitabyň sahabyny açanyňda dürdäne pikirleri, gymmatly maglumatlary bilen «Asmandan arkaly, Zeminde zynatly» atly makala başky sahypalary bezeýär. «Häzirki zamanyň köki geçmişde, şahalary bolsa geljekdedir» diýen jaýdar jümle tutuş bölümde edilýän gürrüňleriň, aýdylýan pikirleriň özenini düzýär diýsek, ýalňyşdygymyz bolmasa gerek. Makalanyň başynda durmuş, ýaşaýyş hakyndaky pikir ýöretmelere orun berilýär. Soňra türkmeniň şu günki bagtyýar ýaşaýşy barada söz açylyp, şeýle sepgitlere ýetmek ugrunda geçilen ýol — halkyň geçmiş taryhy yzarlanýar hem-de geljek bilen baglanyşdyrylýar. Munda halkyň medeni, syýasy, ykdysady ýagdaýlary, ýaşaýyş-durmuşy hakda maglumatlaryň, tymsallaryň, rowaýatlaryň nakyllardyr atalar sözleriniň üsti bilen täsirli pikirler beýan edilýär.

«Zeminiň abatlygy – dünýäniň owadanlygy, tebigy deňagramlylygyň hemişelik saklanmagy» diýen filosofiki jümle bilen başlanýan «Zeminiň abatlygy — ýaşaýşyň ebediligi» atly bölüm-de okyjyny juda özüne imrindirijidir. Adyndan belli bolşy ýaly, giň mazmunly bu makalada Ýer ýüzünde ýaşaýşy ebedileşdirmekde tebigaty, tebigy baýlyklary aýamaklyk, göbek ganyň daman mele topragyňy, Ata Watanyňy gözüň göreji deýin gorap saklamaklyk hakda söhbet edilýär. Bu bölümde-de hekaýatlardyr rowaýatlary, tymsallary ýatlamak, gürrüň bermek arkaly, orta atylan pikirler aýdyňlaşdyrylýar. Makalanyň esasy ideýasy her bir adamda tebigata, tebigy baýlyklara, ata Watana, ene topraga söýgi döretmekden ybaratdyr.

Kitapdaky «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» atly ajaýyp makala-da paýhasly pikirleriň jemlenmesidir. Bölüm ylyma, bilime bagyşlanýar. Dörediji Liderimiz makalada bilimli bolmagyň, ylym öwrenmegiň adamzadyň durmuşyndaky zeruryýeti dogrusynda filosofiki pikirleri ýöredýär: «…Ylym netijelilikdir, bilim tejribedir. Bilim ylyma barýan ýagtylyk bolup, onda hem paýhas, hem–de hadysalaryň göz ýetirilen hakykaty bardyr». Ine, şeýle gymmatly pikirler bolsa makalada gyzykly mysallar arkaly delillendirilýär.

Giň mazmunly «Saglyk — abatlyk» makalada bolsa ynsan saglygy barada beýan edilýär. Bölümiň başynda saglyk barada pähimler aýdylyp, türkmen aganyň saglygy hakynda edýän aladalary barada gürrüň berilýär. Şol gürrüňleriň içinde dagdan agajy, üzärlik baradaky hekaýatlara, rowaýatlara, edebiýat sahypalaryna, ylmy çeşmelere ýüzlenilýär. Mundan başga-da Lukman Hekimiň hikmetlerinden söz açylýar. Hormatly Prezidentimiz bölümiň dowamynda häzirki wagtda ýurdumyzda saglyk ulgamyny ösdürmek babatda durmuşa ornaşdyrylýan işler dogrusynda-da ýatlap geçýär.

Kitapdaky indiki makala «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy» diýlip atlandyrylýar. Zähmet, zähmetsöýerlik, zähmediň adamy taplaýşy, zähmet endigi, zähmetsöýer halkymyzyň janypkeşligi, ogul-gyza zähmetsöýerligi öwretmekde ata-ene göreldesi, baradaky pikirler «Zähmet adamy adam edýär!» diýen dürdäne setirler bilen başlanýan bölümiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. «Ýaş nesillerde zähmete söýgini terbiýelemek diýmek, olara wagty netijeli peýdalanmagy öwretmekdir» diýen parasatly pikir bolsa ýurdumyzyň ertesi bolan bagtyýar ýaşlar hakyndaky ata gursagyndan gaýnap çykýan aladanyň belent nusgasydyr. Dörediji Liderimiz bölümde gozgalýan meselelere doly düşünilmegini gazanmak üçin bolsa, rowaýatlary, hekaýatlary, akyldarlarymyzyň setirlerini, pikirlerini, nakyllary, atalar sözlerini, aýtgylary delil getirýär.

«Myhmansöýerlik» atly kitabyň 151-166-njy sahypalarynda ornuny tapan ajaýyp bölümde hem myhmansöýerlik, myhman kabul etmeklik, myhmançylyk, türkmençilikde myhmançylyk däp-dessurlarynyň berjaý edilişi baradaky söhbetlere möhüm ähmiýet berilýär. Bu publisistik makalada «Taňry myhmany», «toý paýy», «myhman paýy» ýaly düşünjeleriň üsti bilen türkmen halkynyň myhmançylyk bilen bagly milli däp-dessurlary ussatlyk bilen açylyp görkezilýär. Danalaryň «Myhman Allanyň ynsana ugradan sowgadydyr. Kim myhmany sylasa, onuň-da nygmatlary köp bolar» ýaly ýazgylary, Gorkut atanyň: «Myhman gelmeýän öýüň bolanyndan bolmadygy ýeg», akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň:

It gözlemez, pişik bakmaz,

Supra ýazylmaýan ýerde

diýen dürdäne pikirleridir setirleri, «Myhmanyň öňünde aş goý, iki elini boş goý!», «Myhman öz rysgaly bilen gelermiş», «Myhman ataňdan uly» deýin aýtgylardyr nakyllar bolsa makalanyň içinde getirilmek bilen, olar orta atylan pikirlere doly akyl ýetirilmegine çelgi bolup durýar.

«Dostluk — asylly ýörelge» atly makala-da özüneçekijiligi bilen tapawutlanýar. Bölümde dostluk gatnaşyklary, halkymyzyň arasynda ynsan gatnaşyklarynyň iň bir sarpalanýanlarynyň hatarynda görülýän iki adamyň dostlugy, dost gadyry, şeýle-de halklaryň dostlugy hakda paýhasly pikirler öz beýanyny tapýar. Makalada esasy mowzuk bilen bile wepalylyk, mertlik, edermenlik, ýagşy bilen ýamanyň, haýyr bilen şeriň parhy ýaly birnäçe mowzuklar-da gozgalyp geçilýär.

Ynsan häsiýetleriniň iň gözelleriniň biri bolan ynsaplylyk barada söz açýan «Ynsaplylyk» bölüminde-de gymmatly pikirler orta atylýar. Makala ynsaplylyk baradaky parasatly gürrüňler bilen başlap, «namazlyk ýaly päkize» enelerimiz, halallyk, lebze ygrarlylyk, ejizi goldamaklyk, sypaýyçylyk, gözellik hakyndaky gürrüňleriň üsti bilen mowzugyň mazmuny açylyp görkezilýär hem-de deliller arkaly aýdyňlaşdyrylýar.

«Agzybirlik adalatlylygyň we döwletliligiň sütüni», «Agzybirlik bagtyň gönezligidir». Şu jaýdar jümleler indiki gozgaljak bolunýan gürrüňiň näme hakdadygyny bada-bat ýaňzydýan bolsa gerek. Hakykatdan-da, indiki sözi kitapdan agzybirligi wasp edýän «Agzybirlik» makalasyndan açarys. Agzybirlik hakyndaky pähimlere giň orun berlen bölümde türkmen halkynyň owalda-ahyrda baýdak edinen agzybirlik ýörelgesi, göriplik, adalatlylyk ýaly ynsan häsiýetleri, toý däp-dessurlarymyz, milli tamdyrymyz bilen baglanyşykly gürrüňler öz beýanyny tapýar. Makala agzybirlik — maşgalanyň berkligi, döwletiň abatlygy diýen ideýany öňe sürýär.

Bulardan başga-da, kitapda «Durmuşyň kadasy — paýhas pendi», «Ýoluňyza rowaçlyk nur saçsyn!», «Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym» bölümler bar. Şol bölümlerde-de akyl-paýhas, pähim-parasat, türkmençilik hakda täsirli gürrüňler ýeterlik maglumatlar bilen baýlaşdyrylan. Öň eşidilmedik ýa-da seýrek gabat gelnen türkmen rowaýatlary bolsa kitabyň manysyny tirmekde okyja bahasyz çelgi bolup durýar.

Türkmeniň ruhy dünýäsi bilen gaýtadan tanyşmak, öz däp-dessurlaryny, milli ýol-ýörelgelerini, urp-adatlaryny, edim-gylymlaryny, milli gymmatlyklaryny, geçmiş taryhyny, milli gahrymanlaryny, taryhy şahsyýetlerini bilmek isleýän üçin, umuman, «Türkmen kim?» diýen sowala jogap gözleýän üçin, dörediji Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly dürler hazynasyny okaýmak gerek. Ol okyjylar üçin gymmatly hem zerur gollanmadyr. Çünki bu kitap — türkmeniň ruhy ahwalynyň beýany.

Biz hem milli Liderimiziň döredijilik älemindäki täze üstünlikleri — «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, mertebesi belent hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň döwlet galamy mundan bu ýana-da ötgür, ajaýyp eserleriniň bolsa dowamaty dowam bolsun!

 

Ýaran Akmämmedow,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy,

kiçi seržant.

Bu makala  “Saýlanan Teswirler” ady bilen geçirilen baýrakly taslamanyň ýeňiji bolan eserleriniň biridir. Ýeňiji bolan beýleki eserleri okamak üçin: 

Baýrakly Teswirler: Saýlanan teswirler belli boldy

Ata Watanymyz baradaky gündelik habarlary we global habarlary  Türkmen dilinde, şeýle hem ýurdumyz baradaky täzelikleri Iňlis, Türk we Rus dilinde gyzgyny bilen okamaga mümkinçilik berýän täze Android ulgamynda işleýän applikasiýany gök ýazylan ýere  ýa-da aşakdaky surata basyp el telefonyňa ýükläp biljekdigiňizi ýatladýarys.

 

Türkmen aýdymçysy Çynara: Türkmenistanlydygyma buýsanýaryn

 Türkiýede bilim alýan, Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň biri, Baha bilen ýerine ýetiren aýdyşygy  Türkiýede ýylyň aýdyşygy saýlanan, ýakynda özüniň ilkinji kitabyny okyjylara ýetiren  ildeşimiz Çynara bilen gurnan söhbetdeşligimiz göwniňizden turar diýip umyt edýäris! Siz bu gyzykly söhbetdeşligi gök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

Ýene-de okaň

Bilim – röwşen geljegimiziň gözbaşy

Täsin geografiýaly toprak

Üstünligi ýola goýmak derejesi

Teswirle