TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

“Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşigi: daşary ýurt raýatlary hem gatnaşyp bilýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň esasy wakalarynyň biridir. Her ýyl geçirilýän bu döredijilik baýramçylygyna höwes bildiren daşary ýurt raýatlaryň hem gatnaşmagyna mümkinçiligi döredildi. Bu barada degişli Karara. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde gol çekdi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny, şeýle hem mähriban Watanymyzyň barha gülläp ösüşini, halkymyzyň şöhrata beslenen geçmiş mirasyny, asylly däp-dessurlaryny, kämil ahlak-edep, watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly asylly gylyk-häsiýetlerini kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmaga we olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmäge ýardam berýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky” Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, bäsleşige höwes bildiren daşary ýurt raýatlary hem gatnaşyp bilerler. Bu bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler.

Şeýle hem bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi yglan edildi.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

“Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly geçiriler

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň «Ural» tans toparynyň Türkmenistandaky ilkinji çykyşy

Oktýabr aýynda geçiriljek medeni çäreler

Teswirle