JEMGYÝET

«Türkmenhowaýollary» agentligi: haj parzy üçin 10 sany ýörite gatnaw gurnalar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, ildeşlerimiziň köp sanlysynyň haj parzyny berjaý etmekleri üçin, olary Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentligi habar berýär.

2024-nji ýylyň haj möwsüminde 2890 sany zyýaratçyny haj parzyny berjaý etmekleri üçin, Saud Arabystan Patyşalygyna  eltilip-getirilmekleri boýunça 10 sany ýörite gatnawlaryň ýola goýulandygyny habar berýäris.

Şeýlelikde, şu ýylyň haj döwründe «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralýan ýörite gatnawlar 2024-nji ýylyň 1-nji iýunyndan 9-njy iýuly aralygynda ýerine ýetiriler.

Ýeri gelende bellesek,  289 sany ildeşlerimizden ybarat bolan döwlet toparyny Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary»  agentliginiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.

Ýene-de okaň

Pariždäki Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türkmen türgenlerini ýakyndan tanalyň!

Aşgabatda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türgenleri ugratmak dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna

Jo Baýden prezidentlige dalaşgärlikden ýüz öwürdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri Pakistanda saparda bolar

Türkmenistan-Owganystan-Gazagystan: täze demirýol taslamasy durmuşa geçiriler