«Türkmenhowaýollary» agentligi bäsleşik yglan edýär

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Daşoguz Halkara howa menzili halk hojalygynda ulanylýan «An-2» kysymly uçara zerur bolan B-91/115 görnüşli awiabenzin hem-de «Aeroshel W120» görnüşli awia çalgy ýagy bilen milli manatda öz serişdesiniň hasabyna üpjün edip biljek edaradyr kärhanalary hem-de telekeçileri seçip almak üçin açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan edara-kärhanalar, telekeçiler çagyrylýar. (ofşor zolaklarda bellige alnan ýuridik şahslaryň teklibi kabul edilmeýär).

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly;

— şertnamanyň esasy şertlerini we tehniki tabşyrygy almaly;

— bäsleşige gatnaşmak üçin muzdsuz 1000 (bir müň) manatlyk (bank hyzmaty we GBüS-syz) töleg geçirmek üçin hasap kagyzyny hem-de anyk maglumatlary almak üçin Daşoguz halkara howa menziline şu telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilersiňiz: +993 322 9-11-00, 9-00-58, faks 9-12-00.

Okap bilersiňiz  Visit of the delegation of the Ministry of Education of Turkmenistan to Kazan

Bäsleşik teklipli bukjalar şu habar çap edilenden soň, 30 (otuz) günüň dowamynda, iş günleri sagat 9:00-dan 16:00-a çenli kabul edilýär.

Ýokarda agzalan möhletden soň berlen teklipler kabul edilmeýär.

Bäsleşik üçin doly teklipler sürgüç möhür bilen tassyklanan bir sany ýapyk bukjada Daşoguz Halkara howa menziliniň umumy bölümine ugradylmaly. Bukjada sowalnamanyň, şertnamanyň şertleriniň («Word» formatda) hem-de tehniki-ykdysady ýöritenamanyň («Excel» formatda) elektron görnüşiniň bolmagy hökmanydyr.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!